logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Syýasat /Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi
  22.10.2026
16
Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi

Hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, ylalaşykly gatnaşyklar we birek-birege goldaw bermek arkaly ynanyşmagy has-da berkitmek ýaly asylly ýörelgeler türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň we durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegidir. Bu gymmatlyklar halkymyzyň dost-doganlyga, parahatçylyga we özara hormata esaslanýan gatnaşyklarynyň binýadyny düzýär.

 

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen möhüm çäre hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan diline terjime edilmegi türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary has-da pugtalandyrýan möhüm wakalaryň biri boldy. Bu eseriň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi azerbaýjan okyjylaryna türkmen halkynyň baý taryhy, ruhy mirasy we medeni gymmatlyklary bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynda çäräniň geçirilen ýeri bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işine hem uly ähmiýet berilmegi geljekki türkmen diplomatlaryna bildirilýän belent ynamyň aýdyň beýanydyr. Bu bilim ojagy ýurdumyzyň daşary syýasat edaralary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär.

 

«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly eseriň azerbaýjan diline terjime edilmegi bilen kitabyň gymmatly maglumatlaryndan we çuňňur many-mazmunyndan doganlyk Azerbaýjanyň okyjylarynyň, şol sanda ýaş nesilleriniň hem peýdalanmaga mümkinçiligi artdy. Eseriň daşary ýurt dilinde neşir edilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny we ruhy gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek bilen bir hatarda, halklaryň arasyndaky medeni we ruhy gatnaşyklary ösdürmäge hem ýardam eder.

 

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler kitabyň ähmiýeti, onuň türkmen halkynyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmekdäki orny barada giňişleýin belläp geçdiler. Çykyşlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy. Çäräniň dowamynda kitabyň azerbaýjan diline terjime edilmeginiň türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydygy aýratyn nygtaldy.

 

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmäge, ýaş nesiller üçin şeýle gymmatly eserleriň elýeterli bolmagyna döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.

 

Aknur SAPAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.