Bilim ynsanyň durmuşyndaky iň gymmatly baýlyklaryň biridir. Adam dünýä inen gününden başlap, töweregindäki dünýäni öwrenmäge, täze zatlara düşünmäge we özüni kämilleşdirmäge çalyşýar. Ol ilki ene-atasyndan, soňra mugallymlardan, kitaplardan we durmuş tejribesinden bilim alýar. Adamyň durmuşynda gazanýan köp üstünlikleriniň düýbüniň bilim bilen baglanyşyklydygyny aýtmak bolar.
Bilim adama diňe bir okamagy ýa-da ýazmagy öwretmek bilen çäklenmeýär. Ol adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirleniş ukybyny ösdürýär, ýagşyny ýamandan, dogryny ýalňyşdan saýgarmaga kömek edýär. Bilimli adam durmuşda duş gelýän kynçylyklara has sowukganly we paýhasly çemeleşip bilýär. Sebäbi bilim adama diňe taýýar jogaplary bermän, eýsem, soraglara özbaşdak jogap tapmagyň ýoluny hem öwredýär.
Bilimiň ilkinji mekdebi maşgaladyr. Çaga ilkinji terbiýäni we ilkinji düşünjeleri ene-atasyndan alýar. Ene-atanyň çaga berýän söýgüsi, terbiýesi, öwüt-nesihaty onuň geljekki durmuşyna uly täsir edýär. Çaga kiçiliginden zähmete, edeplilige, ulyny sylamaga, kiçä hormat goýmaga, dogruçyllyga we jogapkärçilige öwrenişse, onuň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi has berk esasda başlanýar. Şonuň üçin bilim bilen terbiýe hemişe biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bilimiň ösmeginde mugallymyň orny hem örän uludyr. Mugallym diňe bir okuwça sapak berýän adam däl, eýsem, ýaş nesliň geljegine ýol açýan halypadyr. Gowy mugallym okuwçynyň aňynda bilime bolan söýgini oýarýar, onuň başarnygyny ýüze çykarmaga kömek edýär we özüne bolan ynamyny güýçlendirýär. Käbir adamlaryň durmuşynda mugallymyň beren bir maslahaty ýa-da aýdyp beren bir sözi bütin ömrüne ýol görkeziji bolup bilýär. Şonuň üçin mugallymçylyk iň jogapkärli we hormata mynasyp hünärleriň biridir.
Kitap hem bilimiň esasy çeşmeleriniň biridir. Kitap okamak arkaly adam başga döwürler, halklar, ýurtlar, alymlar, ýazyjylar we beýik şahsyýetler barada köp zat öwrenýär. Kitap adamyň söz baýlygyny artdyrýar, pikirlenişini çuňlaşdyrýar we hyýalyny ösdürýär. Yzygiderli kitap okaýan adam öz pikirini has aýdyň we täsirli beýan edip bilýär. Kitap bilen dostlaşan adamyň ruhy dünýäsi hem baýlaşýar.
Gülbahar SÜNNETOWA,
Farap etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň müdiriniň
okuw işleri boýunça orunbasary.