Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim – röwşen çyragymyz
  24.04.2023
559
Sanly bilim – röwşen çyragymyz

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň rowaçlanýan günlerinde eziz ýurdumyzda täze döwrüň täzeçil wezipeleriniň biri bolan akylly hem kämil tehnologiýalary, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak babatdaky işler giň gerime eýe bolýar. Taryh üçin gysga bolan döwrüň içinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Bagtyýar döwrüň ösüşinden hem-de möhüm talaplaryndan ugur alnyp, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we oňa sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Çagalar baglarynda, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky işleri alyp barmak üçin zerur şertler döredilýär. Türkmen ylmyny dünýä ýüzünde ösdürjek, ylymly-bilimli, kämil enjamlardan ezberlik bilen baş çykarýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine uly ähmiýet berilýär. Bäsdeşlige ukyplylygy, ösüşiň ýokary depginini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň esasy ugurlary oňyn häsiýete eýe bolýar. Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyz innowasion häsiýetli işlere işjeň gatnaşyp, ylmy-döredijilik, oýlap tapyjylyk ukybyny has hem berkidýärler. Milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga hem-de ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýändigi buýsandyryjydyr. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylyp, sanly bilim ulgamy işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurulýan döwrebap kitaphanalar, bilim ojaklary we beýleki binalar, olarda döredilýän amatly şertler halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly ösmegine hem-de olary terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berendigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň bu konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen içgin gyzyklanýan, döredijilikli, uky-başarnykly ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň zehinini açyp görkezmegi üçin ähli möhüm şertler bar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ylmy täzelikleriň hem ähli şertleriň döredilmegi bagtyýar ýaş nesillerimizi ak günlere, aýdyň geljege ruhlandyrýar! 

 

Aýlar OWMADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.