Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Startap bäsleşiginiň ikinji tapgyry: okuwlar, ösüş we täze tejribeler ✦ ✦ Türkmenabat şäherinde ýaş zehinliler üçin baýramçylyk festiwaly geçirildi ✦ ✦ Bişkekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Ženewada HZG-niň wekilleri bilen duşuşdy ✦ ✦ Arkadag şäheriniň ösüşlerinde ýaşlaryň orny: Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň önümçilik tejribeligi – bilim, ylym we önümçiligiň arabaglanyşygynyň täze derejesi ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TDEI-de okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly ulgamy ösüşlere beslemegiň rowana menzillerinde
  20.12.2022
602
Sanly ulgamy ösüşlere beslemegiň rowana menzillerinde

Eziz Watanymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň röwşen ýolunda möhüm ädimler ädilýär. Bu bolsa ilkinji nobatda, ylym-bilimi ösdürmegiň netijeli serişdesi bolup durýanlygy bilen baglydyr. Häzirki döwürde innowasion, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähli ulgamlara giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi ýylsaýyn artdyrylýar. Maýa goýumlaryň köp böleginiň bilim ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi bolsa okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda, bilimiň ýokary hilini gazanmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda wajypdygyny alamatlandyrýar. Çünki täze döwürde täzeçil pikirlenip täzeçil çemeleşmek ýaş nesliň döredijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Ýur­du­my­zyň äh­li okuw jaýlarynda bi­lim al­ýan ýaş­la­ra innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklary iç­gin öw­re­dil­ýär. Bu babatda hä­zir­ki za­man tä­ze usul­la­r­dan, teh­no­lo­gi­ýa­la­rdan, ýö­ri­te­leş­di­ri­len teh­ni­ki we mul­ti­me­dia se­riş­de­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da mul­ti­me­dia, in­te­rak­tiw teh­no­lo­gi­ýa­lar okuw dur­mu­şy­na berk or­naş­dy. Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça ama­ly en­dik­le­ri bo­lan ýaş nesiller ola­ry gün­de­lik okuw işin­de peý­da­lan­ýarlar. Okuw sapaklarynda mul­ti­me­dia ul­ga­myn­dan peý­da­lan­mak go­wy ne­ti­je­le­ri al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýaş nesliň şeýle ukyp-başarnyklarynyň esasynyň bolsa ýaşlykda kemala gelmegini gazanmaklygy göz öňünde tutup, ykdysadyýeti çalt depgin bilen sanlylaşdyrmak alnyp barylýar. Munuň üçin döwlet tarapyndan ähli tagallalaryň edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Netijede, sanly ykdysadyýetiň ösmegi netijesinde häzirki döwürde onuň has-da kämil görnüşlere eýe bolan akylly tehnologiýalaryndan erkin baş çykarýan täze nesliň kemala gelýändigi guwandyryjy wakadyr.

Ýur­du­myz­da sanly ulgamy ösdürmegiň nurana ýollarynda, ýeňişli menzillerinde mähriban Watanymyzyň özgerişlere beslenmegi, ylym-bi­li­miň kämilleşdiril­me­gi, ýaş nesliň okamagy hem öwrenmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, mertebesi belent bol­sun, alyp barýan ýurt ähmiýetli, il bähbitli be­ýik iş­le­ri, döwletli tutumlary rowaçlyklara bes­len­sin!

 

Gülşat AŞYROWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary institutynyň 
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik 
ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.