logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Täze okuw ýyly özgertlere beslenýär
  01.09.2021
872
Täze okuw ýyly özgertlere beslenýär

Garaşsyzlygymyzyň şanly XXX ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günleriniň birinde, Tejen etrabynyň çäginde hem, uly toýlar, dabaralar belent joşgun bilen geçirilýär. Ýagny, her ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde, 640 okuwça niýetlenen täze, döwrebap orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşan ähli ildeşlerimiz, ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalaryň netijesini şu günki günde aýdyň şaýady boldylar.

Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwrenmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhyny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek biziň ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň esasyny düzýär. Bu günki gurluşygy tamamlanan okuw binanyň hem döwrebap şertlerde gurulmagy, bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bilim we terbiýe almaklaryna giň ýol açar. Bu şatlykly günde, orta mekdebe barýan 1-nji synp okuwçylara, täze noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň döwrebaplaşmagyny we öňe gidişligini aňladýar. Şeýle aladalar bilen, ruhybelent ýaşlarymyzyň, geljekde innowasion tehnologiýalardan netijeli baş alyp çykmaklaryna itergi berer.

Şeýle ajaýyp günlerde ildeşlerimiz, döwrebap binanyň gurluşygyny alyp baran, “Ussat inžiner” hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna özleriniň minnetdarlyklaryny bildirýärler.

Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň sany ýylsaýyn artýar. Nesip bolsa, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan birnäçe orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň nobatdakylarynyň açylymagyna garaşylýar. Bu zatlaryň ählisi, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn pikirli, berk bedenli we ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin gönükdirilendir.