logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Täze ýylyň täsirli maglumatlary
  14.12.2022
2586
Täze ýylyň täsirli maglumatlary

- Eskimoslaryň Täze ýyly belleýşi gaty üýtgeşik bolup,  olar bu baýramy ilkinji gar ýagan güni belleýärler.

- Gadymy Rimde täze ýyl mart aýynda bellenipdir. Soňra imperator Ýuliý Sezaryň karary esasynda bu baýramy 1-nji ýanwara geçirmek kabul edilýär.

- Awstriýada täze ýyl desterhanynda käkiligiň etine orun berilmeýär, çünki olarda käkilik bagt guşy hökmünde hasaplanylýar.

- Köp ýurtlarda täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda sagat 00:00-da edilen arzuwlaryň hasyl boljakdygyna ynanýarlar.

- Täze ýyl baýramynyň bezegi bolan arça agajy ilkinji gezek XVII asyrda döräpdir.

- Ilkibaşda täze ýylda arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikler we gant bilen bezelipdir.

- Russiýada täze ýyly bellemeklik hakynda karar 1700-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda patyşa Piter I tarapyndan çykarylypdyr.

- Täze ýyl baýramçylygynda Italiýada köne eşikler, köne öý goşlary we dürli mebeller köçä zyňylýar. Bu adat irki wagtdan bäri dowam etmek bilen, ol döwletliligiň artýandygy bilen düşündirilýär.

- Fransiýada 1564-nji ýylda Çarlz IX-yň buýrugy bilen ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar diýlip kabul edilipdir. 755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabr hasaplanypdyr.

- Kubada täze ýyl baýramynda köçä we howla suw sepilýär. Bu özboluşly däbe günälerden arassalanmak hökmünde düşünilýär.

- Täze ýyl gijesi Gresiýada maşgalanyň ulusy köçä çykyp nary ýere urup döwýär. Şonda dürli tarapa pytrap giden nar däneleri öýe üstünlik getirýär diýlip yrym edilýär.

- Täze ýyl arçasyny bezemekde ulanylýan reňkli çyrajyklar 1895-nji ýylda Amerikada oýlanyp tapylypdyr.

- Köp ýurtlarda Aýaz baba çagalara sowgady öýüň içindäki pejiň üstünde ýa-da golaýynda goýup gidýär diýlip düşünilýär.

- Täze ýyl gijesi Tibetde geçip barýanlara bir bölek süýjülik torty paýlanylýar. Şol gijede paýlanan süýjülik tortunyň sany bolsa täze ýylyň nähili bereketli boljakdygyny alamatlandyrýar.

- Mälim bolşy ýaly, Afrika ýurtlarynyň köpüsinde gyş pasly bolmaýar. Şol sebäpli hem, olar Aýaz babany Kambodjada diýip hasaplaýarlar. 

 

Eziz BARATOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.