logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Ýol hereketiniň düzgünleri nähili ýüze çykdyka?
  16.12.2022
2711
Ýol hereketiniň düzgünleri nähili ýüze çykdyka?

Ýol hereketiniň kadalary öz gözbaşyny irki wagtlardan alyp gaýdýar. B.e.öň 50-nji ýyllarda rim imperatory Ý.Sezar tarapyndan şäher içindäki ýol hereketlerini kadalaşdyrmak işine başlanylypdyr. Imperator şäheriň käbir köçelerinde bir ugra gönükdirilen hereketleri girizipdir. Şähere gelýän myhmanlar şäher içinde pyýada hereket etmeklige ýa-da tölegli arabalarda aýlanmaga mejbur bolupdyrlar. Şeýlelik bilen, ýol hereketiniň şeýle özboluşly düzgünleri döräp başlapdyr we onuň üçin ýörite gulluk hem döredilipdir. Bu gullugyň işgärleri diňe bir ýol hereketine gözegçilik etmek bilen çäklenmän, arabaçylaryň arasynda ýüze çykýan jenjelli meseleleriň hem öňüni almak ýaly işlere gözegçilik edipdirler. Russiýada ХVII asyrda bolsa at ulaglarynyň sanynyň artmagy ýol hereketiniň täze düzgünlerini girizmekligi mejbur edipdir.

Ilkibaşda ýol belgileri özboluşly görnüşde bolup, reňkli diskli ilkinji ýolyşyk Angliýada peýda bolupdyr.

Şeýle-de dürli düzgünler hem girizilip başlanypdyr: 

- Irki wagtda Rimde awtoulagyň hyzmatyndan agşam sagat 21:00-dan soň peýdalanmak; 
- Angliýada awtoulaglarda ses duýduryjysyny ulanmak; 
- Germaniýada atly gatnaw duş gelende diňe awtoulagy saklamak bilen çäklenmän, hatda atlary ürküzmezlik üçin ulagyň hereketlendirijisini öçürmek;
- ABŞ-nyň Tehas ştatynda ulagyň üstüni ýeriň reňkine meňzeş örtük bilen ýapmak we ş.m.
 

Dürli ýyllarda ýol hereketiniň düzgünleri we ýol belgileriniň ulgamy döwrüň talabyna görä özgerip gelýär we ýylsaýyn kämilleşýär. Häzirki wagtda ýol hereketiniň düzgünleri we olary doly berjaý etmek çäreleri islendik döwletiň möhüm işleriniň hatarynda durýar. Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ulagy talabalaýyk dolandyrmagyň düzgünleri degişli merkezlerde nazary we amaly taýdan öwredilýär. Bu bolsa ýurduň çäginde sürüjileriň ýol hereketi bilen bagly bilimleriniň we ukyp-başarnyklarynyň artmagyna oňaýly täsir edýän möhüm şertleriň toplumydyr. Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen bir aýlygyň geçirilmegi-de bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygynyň alamatydyr. 

 

Ogulmaýsa GARAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.