logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /ÝOM talyplarynyň arasynda hakaton bäsleşigi geçiriler
  04.04.2024
770
ÝOM talyplarynyň arasynda hakaton bäsleşigi geçiriler

17-nji aprelde Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda “Arkadag şäherinde hereket edýän elektromobillere kuwwat beriji bekediň innowasion taslamasy” atly Hakaton bäsleşigi geçiriler. Bäsleşigiň esasy maksady talyp ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Bu Hakaton bäsleşiginiň aýratyn ähmiýetli tarapy dürli hünär başarnyklaryny özleşdirýän talyplaryň bir ýere jemlenip, hödürlenýän meselelere özleriniň garaýyşlary boýunça adaty bolmadyk, täsin çözgütleri tapmaga ýykgyn etmeklikleridir.  

 

Hakaton bäsleşigi ýaşlaryň tebigy, takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary içgin öwrenmeklerine, dürli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligini hem-de emeli aňyň önümlerini döretmäge höwesini we ylmy döredijilik ukyplaryny artdyrmaga kömek eder.

 

Bäsleşik eminler toparynyň kesgitlän ýumuşyny 3 sagadyň dowamynda ýerine ýetirmek arkaly geçirilýär. Oňa her ýokary okuw mekdebinden düzümi 5-den köp bolmadyk talyplaryň 2 sany topary gatnaşyp biler. Ýerine ýetiren işlerine baha berlip, netije çykarylanda pikirleriň ýerlikliligi, özboluşlylygy, täzeligi we kreatiwligi, olaryň amaly ähmiýeti we toparlaýyn işiň netijeligi göz öňünde tutulýar.

 

Uzukjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.