logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary
  09.11.2026
11
Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary

Adamyň pikiriniň baýlygy onuň sözleýşinde hem ýüze çykýar. Käte aýdara sözüň köp bolsa-da, pikiriňi takyk beýan etmek üçin ýerlikli aňlatmany tapmak kyn bolýar. Munuň sebäbi diňe bir geplemek tejribesiniň azlygy däl, eýsem söz gorunyň ýeterlik derejede baý däldigi bilen hem bagly bolup biler. Şonuň üçin söz baýlygyny ösdürmek diňe dil öwrenýänler üçin däl, eýsem her bir adam üçin möhüm endikdir.

 

Häzirki wagtda dürli dilleri bilmek täze mümkinçiliklere ýol açýar. Daşary ýurt dillerini öwrenmek arkaly adam başga halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary we pikirleniş aýratynlyklary bilen tanyşýar, dünýäniň ylmy we medeni täzeliklerinden habarly bolýar. Emma dili öwrenmek diňe täze sözleri ýat tutmak bilen çäklenmeýär. Şol sözleri dogry ýagdaýda ulanmak, diňlemek, okamak, ýazmak we geplemek başarnyklaryny bilelikde ösdürmek zerurdyr.

 

Söz baýlygyny artdyrmagyň iň netijeli ýollarynyň biri kitap okamakdyr. Çeper eserler, ylmy makalalar we dürli ugurlara degişli neşirler okyjyny täze sözler, aňlatmalar we pikirler bilen tanyşdyrýar. Angliýanyň Bilim, standartlar we synaglar boýunça edarasynyň (Ofsted) okuw boýunça ylmy synynda hem söz baýlygynyň okap düşünmekde möhüm orny eýeleýändigi, täze sözleriň köpüsiniň okamak arkaly özleşdirilýändigi bellenilýär.

 

Şeýle-de bolsa, diňe kitap okamak bilen çäklenmek ýeterlik däldir. Nätanyş sözleri belläp almak, olaryň manysyny we ulanylyşyny öwrenmek, şol sözler bilen özbaşdak sözlem düzmek peýdalydyr. Iňlis geňeşiniň (British Council) dil öwrenmek boýunça maslahatlarynda hem täze sözleri aýratynlykda ýat tutman, olary sözlemiň we ýagdaýyň içinde öwrenmek, yzygiderli gaýtalamak hem-de gündelik durmuşda ulanmak maslahat berilýär.

 

Daşary ýurt dilini öwrenmekde hem yzygiderlilik esasy şertleriň biridir. Her gün az wagt sarp edip, täze sözleri öwrenmek, sesli gepleşikleri diňlemek, filmlere tomaşa etmek we öwrenilýän dilde gepleşmäge synanyşmak wagtyň geçmegi bilen oňyn netijeleri berýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bu işi has-da aňsatlaşdyrýar. Elektron sözlükler, dil öwredýän goşundylar we onlaýn okuw serişdeleri öwrenmek üçin elýeterli mümkinçilikleri döredýär.

 

Daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen birlikde, ene dilimiziň baýlygyny hem gorap saklamak möhümdir. Türkmen dili manydaş sözlere, çeper aňlatmalara, nakyllara we atalar sözlerine baýdyr. Olaryň manysyna düşünmek, gepleýişde we ýazuwda ýerlikli ulanmak dil medeniýetimizi kämilleşdirýär. Ene diline sarpa goýmak diňe onuň arassa geplemek bilen çäklenmän, baý söz mirasyny öwrenmegi we geljekki nesillere ýetirmegi hem talap edýär.

 

Dil öwrenmek täze dünýälere ýol açýan bolsa, söz baýlygyny ösdürmek şol dünýäleri has giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin uly ädimlerden başlamagyň zerurlygy ýok: her gün täze söz öwrenmek, kitapdan birnäçe sahypa okamak ýa-da öz pikiriňi ýazuw arkaly beýan etmek hem ösüşe goşant goşýar. Çünki söz baýlygy diňe köp söz bilmek däl, eýsem şol sözleri ýerlikli ulanyp, pikiriňi düşnükli we täsirli beýan etmek başarnygydyr.

Gözel HOJAGELDIÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň mugallymy.