logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi
  17.11.2026
32
Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi

Ykdysadyýetiň görnüşleri barada söz açsak bu ulgamyň işi dürli ugurlara bölünýär. Bioykdysadyýet bu durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin biologik çeşmeleri, prosesleri we ýörelgeleri öndürmäge we ulanmaga esaslanan ykdysady ulgamdyr. Ol dikeldilýän biologiýa çeşmeleriniň esasynda iýmit önümleriniň, energiýanyň we biomateriallaryň öndürilmegini öz içine alýar.

 

Mundan başga-da sirkulýar ykdysadyýeti ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi hasaplamak bolar. Sirkulýar ykdysadyýet — munuň özi tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny we ekologik abadançylygy üpjün edýän, önümleriň, materiallaryň, serişdeleriň ýaramlylygyny dolanyşykda, mümkin boldugyndan, uzak saklaýan, galyndylaryň emele gelmegini iň pes derejä çenli azaldýan ykdysadyýetdir. Döwletler ykdysadyýetiň bu nusgasynyň işjeň hereket etmegi üçin degişli kanunçylyk namalaryny, maksatnamalary, konsepsiýalary, strategiýalary, meýilnamalary kabul edýärler. Türkmenistanda hem sirkulýar ykdysadyýeti kemala getirmäge gönükdirilen hukuk binýady döredilendir. Olara Türkmenistanyň Sanitariýa (rejelenen görnüşi), Tokaý, Suw kodekslerini, «Tebigaty goramak hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary degişlidir. Bu kanunçylyk namalary sirkulýar ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde wajyp orny eýeleýär.

 

Ýaşyl ykdysadyýet bu ekologiýa töwekgelçiliklerini we ekologiýa kemçiliklerini azaltmaga, şeýle-de maddy hal-ýagdaýy we durmuş adalatlylygyny gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady ulgamdyr. Bu ulgamda, esasan, geljekki nesiller üçin ekoulgamlary we tebigy çeşmeleri gorap saklamak nygtalýar.

 

Ýaşyl ykdysadyýetiň we bioykdysadyýetiň hukuk esaslary durnukly ösüşe, tebigy çeşmeleri saklamaga we daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmaga gönükdirilen köp sanly halkara, milli we sebitleýin kadalaşdyryjy namalary we ýörelgeleri gurşap alýar. Ol hukuk çäkleriniň esasynda birnäçe esasy elementler ýatýar.

 

Aýlar BERDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.