logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda
  27.10.2026
13
Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş sapary Türkmenistanyň halkara giňişlikde alnyp barylýan möhüm işlere işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan meseleleriň ençemesine ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky garaýyşlaryny beýan etdi.

 

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerinden ugur alýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we özara ynanyşmagy has-da pugtalandyrýar. Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilmegi munuň anyk mysalydyr.

 

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Gündogar — Günbatar ugry boýunça halkara üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini döretmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda iki döwletiň möhüm halka hökmünde çykyş edýän geostrategik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle mümkinçilikler ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

 

Ýerewan şäherinde BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitiniň ýokary derejede geçirilmegi hem halkara ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Sammitiň netijeleri boýunça Ýerewan Jarnamasynyň kabul edilmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sammite hormatly Prezidentimiz hem gatnaşyp, möhüm meseleler boýunça çuňňur manyly çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň adyndan beýan eden teklipleri we öňe süren pikirleri çärä gatnaşyjylar tarapyndan üns bilen diňlenildi.

 

Sammitiň gün tertibinde ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi gorap saklamak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna — COP 17-ä taýýarlyk görmek bilen bagly möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen birlikde, tebigy mirasy gorap saklamak we ylmy barlaglary ösdürmek babatda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

 

Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini «Bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi hem aýdyň görkezýär. Bu möhüm waka ekoulgamlary gorap saklamakda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli mümkinçilikleriniň bardygynyň aýdyň mysaly bolup çykyş edýär.

 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan işjeň syýasaty häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyz sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak boýunça başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär.

 

Annaguly SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä

dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti

kafedrasynyň mugallymy.