logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar
  18.11.2026
32
Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar

Pagta diňe bir süýüm öndürmek üçin ulanylýan oba hojalyk önümi bolman, eýsem, onuň çigidi hem gaýtadan işlenilende dürli önümleriň öndürilmegi üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Pagta çigidinden ösümlik ýagyny almak bolsa oba hojalygy bilen azyk senagatynyň arasyndaky özara baglanyşygyň möhüm ugurlarynyň biridir.

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap ösümlik ýag kärhanasynyň düýbi tutuldy. Ýylda 60 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge niýetlenen täze önümçilik desgasy ýerli çig maldan netijeli peýdalanmaga we azyk senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Meýdany 122 müň 500 inedördül metr boljak kärhana bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmäge ukyply bolar. Kabul edilen çig mal ilki bilen barlaghanada barlanyp, soňra ýörite ammarlarda saklanar. Önümçilik ulgamynda günde 200 tonna çig maly sykmak, alnan çig ýagy bolsa arassalamak we hilini ýokarlandyrmak üçin rafinasiýa bölümine ibermek göz öňünde tutulýar.

Kärhananyň düzüminde taýýar önümi guýmak we gaplamak üçin hem döwrebap enjamlar ornaşdyrylar. Taslamada ýylda bir litr göwrümli gaplara guýlan dokuz milliona golaý ösümlik ýagyny öndürmäge mümkinçilik berýän gaplama bölümini döretmek meýilleşdirilýär. Önümçilikde halkara tejribesi bolan kompaniýalaryň enjamlarynyň ulanylmagy önümiň hilini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda üpjün etmäge gönükdirilendir.

Täze kärhananyň işe girizilmegi bilen, takmynan 250 adamyň zähmet çekmegi üçin iş orunlary dörediler. Bu bolsa diňe bir senagat önümçiliginiň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine hem goşant goşar.

Pagta çigidini gaýtadan işlemek oba hojalyk önümçiliginde alynýan çig malyň has giň görnüşde peýdalanylmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle kärhanalaryň ösdürilmegi ýerli çig maldan taýýar önüm öndürmek, içerki bazaryň üpjünçiligini giňeltmek we azyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetlidir.

Garaşsyzlyk etrabynda guruljak täze önümçilik desgasy hem pagta çigidiniň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegine, ösümlik ýagynyň öndürilişiniň artmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen taslamalaryň biridir.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Ogulnur Aşyrowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy