logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Ahalteke bedewleriniň nesilbaşysy – Tarpan atlary
  13.05.2023
1005
Ahalteke bedewleriniň nesilbaşysy – Tarpan atlary

Tarpan latynça (Equus ferus) - ýabany atlaryň aşaky klasyna degişli. «Tarpan» sözi «öňe tarap uçmak» diýen manyny aňladýar. Tarpanlar  ýewropanyň sähralarynda süri bolup ýaşapdyrlar. Bu atlar hat-da Ispaniýada, Portugaliýada hem duş gelendigine, ol ýerden tapylan tapyndylar şaýatlyk edýär. Tarpan atlary ýer ýüzinde mundan 10000 ýyl öň kemala gelen. Wagtyň geçmegi bilen klimat üýtgäp, tarpanlar ýyly howada ýaşap bilmeýärler we köp görnüşleri ölüp ýok bolýar, käbir görnüşleri bolsa howa şertlerine adaptasiýa geçip, käbir alamatlaryny üýtgedip häzirki günki güne çenli ýaşap gelýärler.

Tarpanlaryň  iki görnüşi bolup, olar: sährada ýaşaýan tarpanlar we tokaýda ýaşaýan tarpanlar.

Tarpan atlarynyň boýy 150 sm ýetýär. Olaryň arkasyndan uzun boýuna gara çyzyk geçen. Tarpanlar süri bolup ýaşaýarlar. Her sürüde olaryň baş sany 100-e ýetýär we bir sany baştutan saýlanýar. Ol beýleki atlary ýyrtyjylaryň hüjüminden gorap saklaýar. Bu atlar ýaňy çykan täzeje otlar bilen iýmitlenmegi halaýarlar. Gyşyna iýmit ýetmezçilik eden wagty olar gyrymsy agaçlaryň kökleri we gabygy bilen iýmitlenýär. Ýaz aýlary bir güniň dowamynda 60 litr suw içýärler, gyş aýlary bolsa bu görkeziji 30 litre ýetýär.

Tarpan atlary edil düýeler ýaly hepdeläp suwsuz oňup bilýärler. Bu atlar özüniň ýyndamlygy, owadanlygy bilen tapawutlanýar.

 

Aýsona SEÝIDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.