logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär
  06.11.2025
518
Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär

Belgiýada Türkmenistanyň Ilçisi Sapar Pälwanow “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar ýakyn wagtda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.

 

Duşuşyk Brýusselde “Euronews” tarapyndan guralan Ýewropa Bileleşigini giňeltmek boýunça Sammitiň çäklerinde geçirildi. Sammitde Ýewropa Bileleşigine goşulmak isleýän ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşyp, Ýewropa bilen integrasiýa ugurlaryndaky ösüşleri maslahatlaşdylar.

 

Şeýle hem Ilçi Sapar Pälwanow Moldowanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanyp, Moldowanyň Brýusseldäki Ilçihanasy tarapyndan guralan dabaraly kabul edişlige gatnaşdy. Bu çärä Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sandu hem gatnaşdy.

 

Kabul edişligiň dowamynda türkmen diplomaty Ýewropa Geňeşiniň ozalky Prezidenti, häzirki wagtda bolsa Belgiýanyň Döwlet ministri we Prezident-emiritus Şarl Mişel bilen duşuşdy. Duşuşykda sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şarl Mişel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

 

Röwşen TÄŞLIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.