Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ak ýaýlanyň ajaýyp gelejegi bar
  02.04.2020
466
Ak ýaýlanyň ajaýyp gelejegi bar

        Garagumyň jümmüşinde gurulan ägirt uly gidrotehniki desga bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň uzynlygy 720 km. bolan Baş şor suw akabasy Daşoguz, Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň çäklerinden çykarylýan zeý suwlaryny ýygnap, Köle akdyrmaga niýetlenendir.

          Akabalaryň suwlarynyň duzlulyk derejesi möwsümlere baglylykda, şeýle-de akabalaryň uzynlygy boýunça üýtgeýär. Meselem Daşoguz akabasynyň başlanýan ýerinde suwuň duzlulygy bir litrde 3-3,5 gram we onuň ahyrynda 5-5,5 gram aralygynda bolup, onuň belli-belli aralyklarynda (Zeňňibaba kölüniň deňinde we akabanyň ahyryndaky  inçelýän böleginde) üýtgeýär. Baş şor suw akabasynyň suwy hem Lebap welaýatynyň çäginde suwuň duzlulygy bir litrde 2-2,5 gram aralygynda, Mary welaýatynyň çäginde  2,5-4 gram aralygynda bolup, ol Tejen şor suw akabasynyň goşulmagy bilen 9-10 grama ýetýär, soňra Gäwers, Aşgabat goşundylarynyň täsirinde 8-9 grama ýetýär.

       Akabalaryň içinden suwlar akyp geçmek bilen suw otlarydyr-gamyşlaryň täsiri netijesinde  zäherli maddalardan hem arassalanýarlar. Soňra akabalaryň ahyrynda ýerleşen Ak ýaýla suw howdanynda zyýansyzlandyrylan suwlar baryp ýygnaýarlar we ondan artanlary  Garaşor çöketligindäki Köle akdyrylýar. Garaşor çöketliginiň gündogar tarapy Gaplaňgyr düzlüginiň belentligi we günbatar tarapy Üçtagan çöllügi bilen çäklendirilendir. Onuň uzynlygy 103 km, ini 20 km we çuňlygy 70 m  bolup onuň taslama göwrümi 132 mlrd.m3 bolan suwy saklamaga niýetlenendir.

        Şeýlelikde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynyň suwlaryny ýygnamak üçin gurulan Ak ýaýla suw howdany we onuň suwlary belli bir derejede durmuş-ykdysady maksatlar üçin ulanmaga amatly bolup durýar. Şeýle-de ol üç welaýatyň çäkleriniň ýanaşýan ýerlerinde ýerleşendir, ýagny esasy bölegi Balkan welaýatynda, az bölegi Daşoguz welaýatynda we Ahal welaýatynyň hem ýakynynda ýerleşýär.

       Ak ýaýla suw howdanynyň hanasy hökmünde Uzboýyň köne hanasy ulanylandyr we onuň gündogar  ugry emeli gurulan gaçy bilen berkedilipdir, onuň gunorta ugrundaky hanasy bent bilen çäklendirilipdir. Belli bolşy ýaly Uzboýy geçmişde bol we süýji suwly bolan Amyderýanyň Bahry hazara tarap akan şahalarynyň biri bolan, ol dessanlarda “Tüni derýa” diýip atlandyrylan derýanyň hanasynyň galdyran yzydyr.

       Uzboýyň köne hanasy ulanylandygy üçin ol ýerler özüniň tebigy gözelliklerini saklapdyr. Ak ýaýla suw howdanynyň uzynlygy 85 km, ini 4,5 km we çuňlygy 20 m bolup onuň taslama göwrümi 975 mln.m3 bolup durýar. 

        Ak ýaýla suw howdanynyň suwunyň duzlulyk derejesi balykçylyk, guşçylyk we dowardarçylyk, düýedarçylyk üçin has-da amatlydyr, ýagny suw howdanynyň başlanýan ýerinde suwuň duzlulygy bir litrinde 5-5,5 gram we ondan 21 km aralykda ýerleşen bendiň we laboratoriýanyň deňinde 6,5-7 aralykda bolup, olary durmuş-hojalyk we ykdysady maksatlar üçin ulanmak mümkinçiligi bardyr.

       Ilatly ýerlere gerek boljak elektrik energiýasyny öndürmek üçin “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Ak ýaýla guýýan ýerindäki şarlawugy ulanmak hem mümkindir, ýagny ol ýerdäki şarlawugyň beýikligi 2-3 m bolup durýar, ol bolsa kiçi göwrümli elektrik toguny öndüriji gurnamany işletmäge mümkinçilik döredip biljek.

     Şeýle-de elektrik energiýasyny öndürmek üçin Ak-ýaýla suw howdanynyň ýanyndaky laboratoriýanyň jaýynyň gapdalynda Günden we ýelden tok alýan gurnamalary gurmak mümkinçilikleri hem bardyr. Belli bolşy ýaly ol ýerde ýylyň dowamynda Günüň we ýeliň energiýasy ýeterlikdir.