logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Alymlar bir mehanizm bilen iki keseli bejerip boljakdygyny aýtdylar
  21.05.2022
1360
Alymlar bir mehanizm bilen iki keseli bejerip boljakdygyny aýtdylar

Iňlis we Täze Zelandiýaly alymlar iki keseliň - süýji keseliniň we gipertoniýanyň bejergisi üçin täsir edip biljek umumy bir mehanizmiň bardygyny anykladylar. Bu makala “Aýlaw gözlegleri” (Circulation Research) žurnalynda çap edildi. Glýukagona meňzeş peptid-1 (GLP-1) nahardan soň içegäniň käbir nemli böleklerinden bölünip çykýar. Bedende şekeriň derejesini sazlaýan insuliniň öndürilmegine täsir edýär. Täze ylmy işiň netijeleri, GLP-1-iň insulinden başga-da, nerw signallaryny sazlaýan karotid bedenlerini hem güýçlendirýändigini görkezdi. Gipertoniýa ýa-da süýji keseli bolan adamlarda ýürek-damar keselleriniň döremek howpunyň has ýokarydygy habar berildi. Dermanlar bolsa hemişe täsir etmeýär we köp sanly hassa henizem howp astyndadyr. Alymlaryň pikiriçe, hassanyň ganyndaky şeker derejesi ýokary bolsa, gan basyşy az dolandyrylýar, emma ýokarda agzalan peptidiň kömegi bilen gan şekerine we gan basyşyna bir wagtyň özünde täsir edip bolýar. GLP-1 reseptoryna täsir edýän dermanlar eýýäm tassyklandy we süýji keselini bejermek üçin ulanylýar, şeýle hem gan basyşyny peseldýär. Emma bu täsiriň mehanizmi henizem doly öwrenilenok. Maglumatlary lukmanyň görkezmesi bilen deňeşdirip bolmaz. Çözgüt kabul etmezden ozal hünärmenler bilen maslahatlaşmak hökmandyr.

Atanyýaz AGAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy