logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Alymlar siwilizasiýanyň ýok bolup biljekdigini mälim edýärler!
  12.05.2023
1226
Alymlar siwilizasiýanyň ýok bolup biljekdigini mälim edýärler!

Stanford uniwersitetiniň alymlary siwilizasiýanyň ýakyn birnäçe onýyllykda ýok bolup biljekdigini mälim edýärler.

 

«CBS» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «60 minut» atly telegepleşikde Stanford uniwersitetiniň birnäçe alymlary çykyş etdiler. Telegepleşigiň dowamynda alymlar köpçülikleýin ýok bolmak krizisini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Gözlegleri, wagtyň geçmegi bilen ekosistemalaryň üýtgemelerini kartalaşdyrmak bilen alyp barýan Stanford uniwersitetiniň biologlary «CBS» teleýaýlymynda eden çykyşlarynda Ýeriň takmynan 4 milliard ýyllyk ömrüniň galandygyny aýdyp geçdiler.

 

Alymlar mundan müňlerçe ýyl ozal dinozawrlaryň ýitip gidişi ýaly ýaşaýşyň we siwilizasiýanyň ýok bolup gitjekdigini, emma Ýeriň özüniň bu tebigy hadysadan halas bolup galjakdygyny belleýärler. Munuň müňlerçe ýyldan soň iň erbet köpçülikleýin ýok bolmak döwri boljakdygy çaklanylýar.

 

Şeýle-de bolsa alymlar bu betbagtçylygyň Ýer ýüzünden ýaşaýşy doly ýitirmän iň bolmanda tehnologiki siwilizasiýamyzyň elementlerini ýok edip biljekdigini öňe sürýärler. Adamlar belli bir derejede ýaşap bilseler-de, bu rehimsiz hakykat häzirki ýaşaýyş ýerleriniň ýok bolmagyna, tebigy iýmit zynjyrynyň ýitmegine sebäp bolup, köpçülikleýin ýitip gitmek bilen häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň dargamagyna getirer.

 

Atajan JORAMURADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.