logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /@ belgijiginiň döreýşi barada
  19.04.2022
1109
@ belgijiginiň döreýşi barada

Ol 1971-nji ýylda Web arkaly dünýädäki ilkinji elektron habaryny iberdi. Şol pursatda birbada iki roly (iberiji we kabul ediji) ýerine ýetirmäge mejbur boldy. Şeýle hem, e-poçta salgysynyň görnüşini özi oýlap tapmalydy.Atlaryň ýazylyşynda bulaşyklygyň öňüni almak üçin "bölüji" hökmünde klawiaturada berlen atlarda we familiýalarda hiç hili gabat gelmeýän nyşan saýlady. Kompýuter klawiaturasynda bolsa, bu nyşan ýazuw maşynlarynyň klawiaturasyndan miras hökmünde peýda boldy. 1885-nji ýylda “Underwood” ýazuw maşynynyň (ABŞ) ilkinji modeli @ nyşanly klawişa bilen enjamlaşdyrylypdy. @ nyşanyň özi orta asyrlardan gelip çykýar. Italiýaly gözlegçi Jorjio Stabile Florensiýanyň golaýyndaky Prato şäheriniň Ykdysady taryh institutynyň arhiwinde bu nyşanyň ilkinji gezek ýazmaça ýazylan resminamasyny tapdy. 1536-njy ýylda ýazylan bir resminamada (Florensiýaly bir täjiriň hatynda) Ispaniýa gelen we ýükleriniň bir bölegi hökmünde @ nyşany bilen bellik edilen çakyr gaplary bar. Stabile @ belgisiniň "amfora" sözüni çalyşýan ölçeg birligi hökmünde ulanylandygy barada netijä geldi ("amfora" gadymy döwürlerden bäri uniwersal göwrüm ölçeginiň atlandyrylyşy). Şeýlelik bilen, häzirki zaman poçta belgisiniň manysy gadymy döwürdäkiden düýpgöter tapawutlanýar.

 Güljemal MÄDEMINOWA, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby