Baglar tebigatyň iň möhüm böleklerinden biridir. Olar howany arassalamaga, topragyň eroziýasynyň öňüni almaga we daşky gurşawy gowulandyrmaga ýardam edýär. Baglar fotosintez arkaly kislorod öndürip, adamlaryň we haýwanlaryň sagdyn ýaşamagyna mümkinçilik döredýärler. Mundan başga-da, baglar howanyň çyglylygyny saklap, tomus aýlarynda salkynlyk berýär. Baglaryň ösmeginde tebigy şertler we adamlaryň edýän idegi uly rol oýnaýar.
Bagçylyk oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Miwe baglary dürli önümleriň öndürilmegine ýardam edýär. Olardan alynýan miweler we olaryň gaýtadan işlenýän önümleri bazarda uly islege eýedir. Şeýle-de, baglar şäher we oba ýerlerinde dynç alyş we gezelenç üçin ajaýyp şertleri döredýär. Adamlar baglarda wagt geçirmegi, sport bilen meşgullanmagy we tebigatyň gözelliginden lezzet almagy gowy görýärler. Baglaryň uzak ömürli we peýdaly bolmagy üçin olara dogry ideg etmek möhümdir. Suwarmak, dökünlemek, zyýanly mör-möjeklerden goramak we agajy kesmek ýaly işler baglaryň sagdyn ösmegine ýardam berýär. Şeýle-de, tokaý we bag ekilýän ýerleriň goralyp saklanylmagy ekologiki deňagramlyga uly goşant goşýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyp, durnukly ösüş meseleleriniň çözgüdine halkara jemgyýetçiliginiň öňünde jogapkärçilikli çemeleşýär. Ýurdumyzyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren başlangyçlary giň halkara goldawyna eýe bolýar. Olaryň arasynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny we Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasyny taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň aýratyn ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek, şeýle-de Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny goramak ýaly teklipler bar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, ýurduň möhüm ekologik meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek we energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurlar boýunça alnyp barylýan işler bütin adamzat üçin möhüm wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary baýlaşdyrmak boýunça görülýän netijeli çäreler, Watanymyzyň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň kepili bolup durýar. Häzirki döwürde tebigaty goramak we ekologiýa meselesine üns bermek iň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki we geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, dünýäniň ekologik meseleleriniň oňyn çözgütlerini öňe sürýär we halkara jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýeleýär.
Sülgün Esenmämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Magtymguly ylymy-önümçilik synag merkeziniň
miweli baglar we üzümiň nesil gorlary bölüminiň
bölüm başlygy.