Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy ✦ ✦ Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş ✦ ✦ Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär ✦ ✦ Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar ✦ ✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Bedeniň energetiki görnüşi we dogry Iýmitlenmegiň ähmiýeti
  26.05.2024
161
Bedeniň energetiki görnüşi we dogry Iýmitlenmegiň ähmiýeti

Beden energiýa almak üçin ilki bilen uglewodlary, beloklary we beýleki peýdaly maddalary sarp edýär, soňra bolsa ýaglary ýakmaga başlaýar. Emma peýdaly maddalaryň köp ýitgisiniň öňüni alyp, ýaglaryň has çalt ýakylmagyny gazanmak mümkinmi?


Elbetde! Munuň üçin dogry iýmitlenmek zerurdyr. Günlük iýmitde witaminler, mineral duzlary, uglewodlar we, esasanam, beden üçin möhüm gurluşyk materialy bolan beloklar ýeterlik derejede bolmalydyr.


Beloklaryň bedendäki ähmiýeti:

  • Biologiki hadysalary tizleşdirýän katalizator bolup durýar.
  • Energetiki alyş-çalyşyň we maddalaryň çalşygynyň işjeňligini üpjün edýär.
  • Gormonlaryň düzümine girip, bedeniň ösüşine täsir edýär.
  • Kislorod we iýmitlenme serişdelerini dokumalara ýetirýär.
  • Immun ulgamyny güýçlendirýän antitellolar bilen üpjün edýär.


Türgenler üçin beloklaryň esasy çeşmeleri balyk, et, ýumurtga we süýt önümleri bolup, olaryň yzygiderli ulanylmagy maslahat berilýär. Şeýle hem, deňiz balyklary belokdan başga, möhüm ýag kislotalaryna baýdyr. Ýumurtga aminokislotalaryň we witaminleriň çeşmesi bolup, süýt önümlerindäki metionin belogy bedende işlenip çykarylmaýar. Türgenler etiň ýagsyz görnüşlerini, ýagny guş eti, towşan eti we göle etini ulanmalydyrlar.


Uglewodlar we olaryň çeşmeleri:
Türgenler bedenine uly agram salýandygy sebäpli, köp mukdarda uglewodlary hem sarp etmeli. Emma bu uglewodlar çalt özleşýän görnüşlerden däl-de, çylşyrymly uglewodlaryň hasabyna bolmalydyr.

  • Çylşyrymly uglewodlar: goňur tüwü, bugdaý, çogdary unundan bişirilen çörek, miweler, gök önümler.
  • Ýönekeý uglewodlar (çalt özleşýän): limonad, ak gant, tort, şokolad we beýleki süýji önümler.


Şekerden gaça durmaly we onuň deregine bal ulanmak has peýdalydyr, sebäbi bal diňe uglewodlary däl, eýsem, köp witaminleri we mineral maddalary hem öz içine alýar. Iň gowusy, şeker iýmit sanawyndan hemişelik aýrylmalydyr.


Zyýanly iýmitlerden gaça durmak:
Gowrulan ýagly naharlar, ýiti tagamlar, kömelek, alkogolly içgiler, ýarym taýýar önümler (polufabrikatlar) we fast-fud türgenleriň bedenine zyýanly täsir edip, dikeldiş prosesine kömek etmeýär.


Dogry iýmitlenmegiň proporsional bölünişi:
Türgenleriň iýmitiniň energetiki gymmatlygynyň düzümü:

  • 30% uglewodlar,
  • 60% beloklar,
  • 10% ýaglar bolmalydyr.


Beden witaminler, makro we mikroelementler bilen üpjün edilmeli. Munuň üçin diňe bu maddalara baý önümleri ulanmak däl, eýsem, lukmanyň maslahat berýän witamin-mineral toplumy hem kabul edilmeli.


Mineral duzlaryň ähmiýeti:
Mineral duzlar hem ýaglar, beloklar, uglewodlar ýaly bedeniň saglygyny saklamak üçin wajypdyr. Olar:

  • Ganyň we dokuma suwuklygynyň basyşyny kadalaşdyrýar,
  • Turşulyk-aşgarlylyk deňagramlylygyny üpjün edýär,
  • Iýmit siňdirmegi tizleşdirýär,
  • Ödüň turşulyk bölüp çykarmagyna itergi berýär.


Türgenleriň iýmiti olaryň jynsyna, ýaşyna, fiziki aýratynlyklaryna we meşgullanýan sport görnüşine görä düzgünleşdirilmelidir. Ýöne olaryň hemmesi üçin beloklaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň, mineral duzlarynyň we witaminleriň ýeterlik bolmagy hökmandyr. Sebäbi sportuň agyr we ýeňil görnüşlerinde hem ýürek-damar, iýmit siňdiriş we dem alyş ulgamlary ýokary depginde işleýär. Eger iýmitde zerur maddalar ýetmezçilik etse, beden gowşaýar we energiýa ýetmezçiligi ýüze çykýar.


Şonuň üçin hem türgenler dogry iýmitlenmäge aýratyn üns bermelidir!