logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Çaga şatlygy –durmuş aýdymy
  08.03.2020
1544
Çaga şatlygy –durmuş aýdymy

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň  çagalary—olar dünýämiziň gunçalary-gülleri.  Ýurdumyzda  körpeleriň  nesil-terbiýesi, olaryň bagtyýar ýaşamagy, Watançy ilhalar,  päk ahlakly  merdana. zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri  üçin eziz watanymyzda giň şertler döredilýär. Körpeleriň  bagtyýarlygy, şatlygy il-abadançylygynyň  mysaly. Çaganyň özbaşdak pikirlenmegini gazanmak maksady bilen  pähim-paýhas mekdebi bolan pederelerimiziň  asyrlaryň dowamynda  sünnälän  aň-düünje, ruhy-ahlak  pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamy  döwrebap ösdürilýär.  Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň etraplarynda, obalarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi  bilim, terbiýe mümkinçiligini has ýokarlandyrýar.

        Ýylyň ähli möwsüminde wagtlaryny hoş geçirmek, dynç almak üçin ýurdumyzyň gözel künjekleri bolan Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky “Nesil”, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabyndaky gurnalan häzirki zaman dynç alyş merkezleri çagalara giňden gujak açýar. Bular ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlaryny täze döwrüň ruhuna kybapdaş kämilleşdirmäge gönükdirilen uly maksatnamalaryň üstünlikli  durmuşa geçýändiginiň mysaly. Çagalar biziň geljegimiz isleg-arzuwlaryň, beýik maksatlaryň hasyl bolýan ýurdy  ata Watanymyzda çagalar baradaky alada uly. Olar mähir bilen gurşalyp alynýar. Çagalaryň bilim terbiýe almagy üçin doly şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda kemala gelmeginde çagalara hem-de enelere degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda halkara guramalary—Birleşen Milletler Guramasynyň  çagalar gaznasy bilen  işjeň netijeli  hyzmatdaşlyk syýasaty alnyp barylýar.

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan çagalar baglarynda, mekdeplerde terbiýelenilýän, bilim alýan her bir çaga  giň mümkinçilikden peýdalanýar. Şeýlelikde, bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan eziz Watanymyzda ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ýurdumyzyň  rowaçlygynyň mysaly. Garaşsyzlyk ýyllarynyň üstünlikleri  rowaçlyklary esasynda döredilen şertler  nesil terbiýesinde hem uly aýdyňlyk döredýär. Bu bolsa berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşlerden ösüşlere alyp barýan  zähmet gadamlaryna  täze bat berýär.