Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen oňyn ösüşe
  20.04.2023
687
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen oňyn ösüşe

Berkarar Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ählumumy häsiýete eýe bolan, öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we milli däplere esaslanýan ekologiýa syýasatyny alyp barmak ugrunda birnäçe milli maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Olarda ýurdumyzda howanyň gowulanmagyna, biologik köpdürlüligi aýawly saklamaga, suw serişdelerini goramaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadalaşdyrmaga, çölleşmä garşy göreşmäge ýardam edýän tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Tebigaty goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Ýurdumyzyň bu ulgamdaky strategiýasy tokaý-seýilgäh zolaklaryny döretmek arkaly tebigy baýlyklary aýawly saklamak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýerleriň ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga hem-de biologik köpdürlüligi goramaga gönükdirilen taslamalar işlenip taýýarlanyldy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şonuň netijesinde, gözel diýarymyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar we onuň meýdany ýylsaýyn giňelýär. Çölleşen ýerleri özleşdirmek, olary tokaý zolaklaryna öwürmek, süýşýän çägeleri berkitmek, şorlaşan ýerleri dikeltmek, täze suwarymly meýdanlary dolanyşyga girizmek boýunça uly ylmy mümkinçilikler we tejribe toplanyldy. Aral deňziniň täsir edýän zolagyndaky tozanly ýellere garşy göreşmegiň netijeli usullarynyň biri-de tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Aral zolagynda tokaýlaryň döredilmegi ekologik ýagdaýa, biologik köpdürlüligi saklamaga, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna oňyn täsir etmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döredýär. Munuň özi ýurdumyzda ekologik maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup, onda uzak möhletli geljegi nazarlaýan milli ýörelgeler, innowasion çözgütler öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu toplumlaýyn çäreleriň ählisi Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň, giň gerimli ekologik maksatnamalaryň, iri taslamalaryň esasy ugurlary bolup durýar. 

 

Guwanç ÝAZMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.