logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty
  02.10.2026
51
Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty

Daşary syýasatda bitaraplyk ýoluny saýlap alan döwletler halkara ýagdaýlarynyň parahatçylykly dowam etmegine möhüm goşant goşýarlar we döwletara gatnaşyklarynyň mümkin boldugyça durnukly we howpsuz alnyp barylmagy üçin işjeň tagallalary ýerine ýetirýärler.

 

Bitarap ýurtlar dürli gepleşikleri geçirmekde ýa-da halkara guramalarynyň edara düzümlerini ýerleşdirmekde ynamly we oňaýly ýer hyzmatyny hem ýerine ýetirýärler. Halkara gatnaşyklary ulgamynda bitaraplygyň dürli görnüşleri, halkara-hukuk derejeleri, maksatlary we amala aşyrylyş usullary bar. Munuň özi dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň asyrlarboýy toplap gelýän tejribesini baýlaşdyrýar.

 

Bitaraplygyň görnüşleriniň we durmuşa geçiriliş usullarynyň kämilleşmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine we her döwrüň özüne mahsus taryhy şertlerine laýyklykda bolup geçdi. Şeýle bolsa-da, onuň mazmuny we maksatlary parahatçylyga ýardam bermek, halkara ulgamynda dartgynlygy peseltmek we özara ynanyşmak esasyndaky hyzmatdaşlygy alyp barmak bolup galýar. Bu babatda bolsa, bitaraplygyň mümkinçilikleriniň mydama-da uly bolup galýandygyna göz ýetirse bolýar.

 

Munuň özi ýöne ýerden däldir. Sebäbi bitarap döwlet halkara meselelerine milli we ählumumy bähbitleriň utgaşmagy nukdaýnazaryndan çemeleşmek bilen birlikde, zerur çözgüdi kabul etmekde garaşsyz, özbaşdak we erkin bolup durýar. Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet geosyýasy maksatlary göz öňünde tutýan ýaranlyklardan daşda durýar.

 

Dursun DURPOLADOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen

döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika

fakultetiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe

hünäriniň talyby.