logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy
  03.10.2026
37
Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýylyň dokuz aýynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler üstünlikli dowam etdirildi. Şonuň netijesinde, mekdep okuwçylary we talyplar halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazanyp, jemi 1040 medaly eýelediler.

 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda dabaraly çäreler hem-de ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna täze noutbuklar gowşuryldy.

 

Baýramçylyk günlerinde döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda birnäçe iri desgalar — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Mundan başga-da, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň birnäçe alymlaryna professor, dosent we uly ylmy işgär ylmy atlary dakyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýaşlara döwrebap bilim bermek işine hemişe aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

 

Muhammet AGANIÝAZOW,

Halkara senagatçylar we telekeçiler 

uniwersitetiniň talyby.