Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly özgertmeler amala aşyryldy. Şol özgertmeleriň iň ajaýyp nyşanlarynyň biri hem Arkadag şäheridir. Bu şäher diňe bir täze ilatly nokat bolman, eýsem, häzirki zaman şähergurluşyk tejribesiniň, sanly tehnologiýalaryň, ekologiýa abadançylygynyň we milli binagärlik däpleriniň sazlaşykly utgaşan nusgasydyr.
Arkadag şäheri ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi, ýaş nesilleriň bilim almagy, saglygyny goramagy we medeni dynç alşy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen şäheridir. Giň we döwrebap şaýollar, gök zolaklar, seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalary hem-de saglygy goraýyş edaralary şäheriň häzirki zaman keşbini emele getirýär.
Şäherde sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrýar. «Akylly şäher» ýörelgelerine laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde dolandyryş ulgamy, ulag hereketi, aragatnaşyk we jemgyýetçilik hyzmatlary häzirki zaman sanly çözgütleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa wagty tygşytlamaga, amatlylygy artdyrmaga we şäher durmuşynyň netijeliligini üpjün etmäge ýardam berýär.
Arkadag şäherinde daşky gurşawy goramaga hem uly ähmiýet berilýär. Şäheriň köçeleri, seýilgähleri dürli görnüşli baglar we güller bilen bezelen. Arassa howany, ýaşyl zolaklary we ekologik taýdan arassa gurşawy döretmek ugrunda alnyp barylýan işler şäheriň gözelligini has-da artdyrýar. Şeýle çemeleşme ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyna hem oňyn täsir edýär.
Şäherde ýaşlaryň bilim almagy we ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli şertler döredilendir. Döwrebap mekdepler, çagalar baglary, medeniýet merkezleri we sport toplumlary ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji we ýokary bilimli bolup ýetişmegine hyzmat edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini görkezýär.
Maýa SERDAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika
fakultetiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe
hünäriniň talyby.