logo

Latest news:
✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦ ✦ Jebisligiň ykrarnamasy ✦ ✦ Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasy parahatçylygyň kepili ✦ ✦ Azyk bolçulygyna goşant ✦ ✦ Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada ✦ ✦ Halkara hukugynyň kadalary ✦
Home / Science and Education /Kämil bilimli ýaşlar
  30.09.2026
16
Kämil bilimli ýaşlar

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmaklaryna mümkinçilik döretmek, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna söýgüni we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üns merkezinde saklanýar.

 

Döwletiň ýaşlar baradaky syýasaty durmuş­ ykdysady, syýasy­guramaçylyk we hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýar. Bu çäreler ýaşlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmäge, olary hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýaş raýatlara kämilleşmek hem-de zehinini, ukybyny, mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin zerur şertler döredilýär. Milli Liderimiziň sowatly, ruhy we beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde öňe sürýän başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyp alyşmalaryny guramak bilen bagly çäreleriň hem esasy orunda durýandygyny bellemek gerek. Şundan ugur alýan işleriň durmuşa geçirilmegi ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan habarly bolmagyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly ugurlaryň zerurdygyny bellemegi hem ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde aýratyn ähmiýetli boldy.

 

Feruza ASTANAKULOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň Bilim we pedagogika

fakultetiniň başlangyç bilim we terbiýe hünäriniň

1-nji ýyl talyby.