logo

Latest news:
✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦ ✦ Jebisligiň ykrarnamasy ✦ ✦ Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasy parahatçylygyň kepili ✦ ✦ Azyk bolçulygyna goşant ✦ ✦ Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada ✦ ✦ Halkara hukugynyň kadalary ✦
Home / Society /ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY
  01.10.2026
31
ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ýaşlar syýasaty ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, döredijilik we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Ýaşlar diňe bir Watanyň geljegi bolman, eýsem şu günüň hem işjeň jemgyýetçilik güýjüdir. Olaryň täze pikirleri, başlangyçlary we teklipleri jemgyýetiň ösüşine özboluşly goşant bolup biler. Şonuň üçin ýaşlaryň pikirleriniň jemgyýetçilik durmuşynda göz öňünde tutulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Ýaşlaryň hukuklaryny halkara derejesinde goramagyň möhüm ugurlarynyň biri hem olaryň karar kabul etmek proseslerine gatnaşmak hukugydyr, Birleşen Milletler Guramasynyň ýaşlaryň netijeli gatnaşmagy baradaky ýörelgelerinde ýaşlaryň pikirleriniň syýasatyň we çözgütleriň kemala gelmeginden başlap, olary durmuşa geçirmek we netijelerine baha bermek tapgyrlaryna çenli göz öňünde tutulmagynyň ähmiýetiniň möhümdigini bellenilýär.

 

Ýurdumyzda hem ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy üçin hukuk esaslary döredilen, «Türkmenistanyň Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kanunynda ýaşlaryň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlar boýunça teklipleri hödürlemegi, döwlet edaralary bilen hünärini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi we ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaş nesliň bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly we watansöýüji bolup ýetişmegine uly ähmiýet berýär. Kitapda bilim, sport, sagdyn durmuş ýörelgesi, döredijilik we milli terbiýe ýaly ugurlaryň ýaşlaryň durmuşyndaky orny aýratyn bellenilýär.

 

Ýaşlaryň pikirini göz öňünde tutmak — diňe bir olaryň hukugyny üpjün etmek däl. Bu jemgyýetiň ösüşine täze garaýyşlary, täze başlangyçlary we täze mümkinçilikleri goşmakdyr. Sebäbi häzirki ýaşlar ertiriň däl, eýsem şu günüň hem döredijilikli we işjeň güýjüdir.

 

Şonuň üçin her bir ýaş adamyň gowy pikiri, esasly teklibi we peýdaly başlangyjy jemgyýetiň ösüşine goşant bolup biler. Çünki uly özgertmeler käwagt uly meýilnamadan däl-de, bir ýaş nesliň yhlasyna ýugrulan ýönekeý pikirden başlanýar.

 

 

Gülaýym Käbäýewa Döwletmyradowna 

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hususy hukugy hünäriniň 1-nji ýyl talyby