Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Gözüň aşagynda gara tegmilleriň döremeginiň  sebäpleri!
  09.03.2023
1325
Gözüň aşagynda gara tegmilleriň döremeginiň  sebäpleri!

Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremegi diňe uky, ýadawlyk we ýaş bilen baglanyşykly däl. Gara tegmilleriň dürli sebäpleri bar. Bu sebäpleriň köpüsini aňsatlyk bilen ýok etmek bilen gözüň aşagyndaky gara tegmillerden dynmak mümkin. 

Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne öwrülip  ýatmak. Ýeterlik uky alsaňyzam, irden aýnada gözüňiziň daşynda gara tegmilleri  görýärsiňiz. Munuň sebäbi näme? Gapdal ýa-da aşgazanyň üstüne seredip ýatmak  nädogry ýagdaýda ýatmaga degişli mümkin boldugyça arkan ýatmany öwreniň, şonda rahat we gowy dynç alarsyňyz. Gara tegmil uky gowy alynmasa hem bolýar şonuň üçin hem dogry ýatmany başarmaly. 

Duzly naharlary  köp iýmek. Günortanlyk naharynda gaty duzly nahar, irden turanyňyzda gözüňiziň aşagyndaky gara tegmilleri emele getirer. Sebäbi böwrekler bütin gije gyssagly tertipde işleýärler. Netijede bedende gijesi bilen işjeňlik peselmän dogry uky alyp bolmaýar. 

Nädogry saýlanan kosmetika. Kosmetika ýüzündäki kemçilikleri ýapmalydyr, ýöne ol  diňe dogry saýlanan halatynda peýdalydyr. Kosmetika torbasyndaky önümleriň haýsydyr biri size laýyk gelmese, deriniň gyjyndyrylmagy we hatda garalmagy mümkin. 

Gözüň aşa köp sürtülmegi. Gözüňizi näçe sürtseňiz ýa-da gyssaňyz, garaňky tegelekleri ösdürip bilersiňiz. Nämedir bir zat  gözüňi gyjyndyrýan we dyrnaýan ýaly duýsaň, gysga wagtda lukmana ýüz tut, bu göz infeksiýalarynyň biriniň alamaty bolup biler. 

Kompýuterde üznüksiz iş. Uzak wagtlap kompýuteriň öňünde oturmaly bolsaňyz, gözüň töweregindäki gan damarlaryndaky ýüki artdyrýar, netijede olar giňelýär. Şonuň üçin olaryň gapdalyndaky deri has gara görünýär. Munuň öňüni almak üçin mümkin boldugyça ýygy-ýygydan dynç alyň: azyndan ýarym minut. Gözüňize dynç almaga we sagalmaga mümkinçilik beriň. 

Suwuklygyň saklanmagy. Gözüň aşagyndaky gara tegmilleriň döremeginiň iň köp ýaýran sebäbi, bedende suwuklygyň kadaly aýlanyşynyň bozulmagydyr. Bu gormonal meseleler, duzly iýmitleri yzygiderli iýmekden böwrek, ýürek problemalary we hatda howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykyp biler (mysal üçin, çygly yssy gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň peýda bolmagy üçin örän amatly şertdir). 

Allergiýa. Gözüň aşagyndaky gara tegelekleriň ýene bir sebäbi umumy allergiýa. Ilki bilen hassalar gijilewükden ýa-da guraklykdan dynmak üçin köplenç gözlerini sürtýärler, ikinjiden, allergiýa hüjümi wagtynda beden gan damarlaryny, şol sanda gözüň aşagyndaky kiçijik kapilýarlary köpeldýän köp mukdarda gistamin öndürýär. 

 

Albina ZAKIRJANOWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.