Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Güýz barada...
  20.09.2023
826
Güýz barada...

Adamlar güýz paslynyň akyl-paýhas wagtydygyny aýdýarlar we güýz paslyny suratlandyranda we häsiýetlendirenimizde, güýz möwsüminiň hiç birimizi biperwaý galdyrmaýandygyny, hatda dünýäniň iň bagtly adamlaryny hem gysga wagtlyk pikirlenmeklige iterýär. 

 


Dört pasylyň biri bolan güýz möwsümi dynç alyş we güýzüň özboluşly alamatlary, howa ýagdaýy bilen tapawutlanýar. Güýz aýratyn reňkler bilen bezelen ýylyň özüne çekiji wagtydyr. Dürli ýurduň şahyrlary we suratkeşleri öz ylhamlanan goşgularyny we suratlaryny güýze bagyşlap, ýylyň bu wagtyny ähli ajaýyp reňklerde açmaga çalşypdyrlar.

 

Güýz hakda aýdylanlardan:


Güýz tebigatyň güllemegi, ol paýhas we durmuş akymynyň üýtgewsizligine düşünmekdir. Töwerek göýä güýz asmanynyň çal reňkini görkezýärdi.
Marilli Juliet

Güýz näçe sowuk bolsa-da, ol güýz şemaly bilen mylaýym. Güýz tebigatyň sahawatly möwsümidir.
Fridrih Nitşe

Haçanda pikirimiz we hyýalymyz ýykylanda, durmuşyň bahar güllerinden we güýz miwelerinden derrew lezzet alyp bileris.
Makaoý Tomas B.

Güýz – tebigatyň ajaýyp gözelligini, owadan düýşleriň aňsatlyk bilen ýok bolup biljekdigini ýatladýan döwürdir.
Kalbyň söýgi bilen dolanda, güýz tomusdan has ýyly bolup biler.
Güýz tebigatyň bu ýylky iň soňky şüweleňidir.
Debra Uels

Güýz – ýylyň iň soňky we iň owadan ýylgyryşy.
William Kullen Braýant

Güýz ownujak altyn bölekleri bilen ene ýeri bezäp başlaýar.
Tomus gutarýar, güýz başlaýar. Hemişe bolşy ýaly iş, durmuş dowam edýär! Güýz jepaly zähmeti öwredýän ýylyň ýeke-täk wagtydyr.
Teresita Fernandes.

Güýz – uklap ýatan tebigatyň soňky gözelliginiň ýeňşidir. Güýz bize kiçigöwünliligi öwredýär.
Joko Ono

Her ýaprak gül bolanda güýz ikinji bahardyr.
Albert Kamus

Güýz - alma hasylyny dişlemekdir.
Kristina Petrowski

Güýzde ýyly eşikleriň jübüsini yzygiderli barlamak köplenç meýilleşdirilmedik girdejä getirýär!
Güýz üýtgeşiklik möwsümidir.
Ýapon nakyly

Her kim güýz ýapraklarynyň düşmegine tomaşa etmek üçin azyndan iki minut tapmaly ...
Güýz erkinligiň hakyky möwsümidir, ýagny ýapraklar diňe ýaşyl bolmagyň ýerine sary, gyzyl, goňur, mämişi reňkleri hem saýlap biler!
Dim Butcher

Hut şu wagt tebigat maňa ýylylyga baha bermegiň nähili möhümdigini ýada salýar.
Güýz hemişe we hemme ýerde hemme zady çylşyrymlaşdyrýar. Durmuşda-da, gatnaşyklarda-da.
Henri Lion Oldie

Her güýzde ýene gülleýärin.
Aleksandr Sergeýewiç Puşkin

Ýazda ýürek ýalňyşýar, ýöne güýzde netijeleri jemleýär.
William Allingham

Genjim RÖWŞENOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.