logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy
  09.05.2025
779
Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy

Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýä belli “Zaha Hadid Architects” binagärlik býurosynyň taslamasy esasynda täze Ylym we Tehnologiýa muzeýi açyldy. Bu giň gerimli desga Şençženiň Guangming sebitinde ýerleşýär we onuň umumy meýdany 125 müň inedördül metre barabar.


Muzeý diňe täsin keşbi bilen däl, eýsem häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmagy bilen hem üns çekýär. Binanyň gurluşynda ilkinji gezek bu derejede giň gerimde 2 reňkli poslamaýan polatdan peýdalanyldy. Şeýle hem ýokary ýylylyk saklaýjy aýna diwarlary bilen sergi zallaryny daşky gurşaw bilen sazlaşykly baglanyşdyrýar.


Bu bina diňe bir muzeý däl, eýsem ylym, bilim we döredijilik üçin giň mümkinçilikleri hödürleýän merkezdir. Onuň 6 müň inedördül metr meýdany teatrlar, kinoteatrlar we okuw zallary üçin niýetlenipdir. Mundan başga-da, 5,4 müň inedördül metre golaý meýdanda innowasion merkezler we barlaghanalar ýerleşýär. Sergi zallarynyň umumy meýdany bolsa 35 müň inedördül metre deňdir.


Täze muzeý diňe Hytaý üçin däl, eýsem dünýä derejesinde ylym bilen jemgyýeti birleşdirýän möhüm merkez hökmünde garaşylýar. Ol ýaşlara ylmy öwrenmekde, täzelikleri synap görmekde we döredijilikli pikirleri durmuşa geçirmekde giň mümkinçilikler döredýär.


Jeýhun Jumaşow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.