Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Innowasion ulgamyň ösüşi
  13.03.2025
690
Innowasion ulgamyň ösüşi

Türkmenistanda innowasion ulgamy ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly öňegidişlikler gazanylýar. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýet, ýurduň durnukly ösüşine täsir edýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Innowasion tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy, jemgyýetiň maglumatlara bolan islegini kanagatlandyrmak bilen, innowasiýalara esaslanýan ykdysady ösüşiň esasyny düzýär.

 

Innowasiýa ulgamy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, ähli pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagy durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

 

Innowasion ulgamyň netijeli işlemegi üçin üpjünçilik ulgamy, elektron işewürlik we elektron söwda ýaly ugurlar aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurlaryň kämilleşdirilmegi önümçilik çykdajylarynyň azaldylmagyna, bazaryň talabyna çalt uýgunlaşmaga we ýokary netijelilige ýardam edýär. Innowasion tehnologiýalaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy, sanly ulgam arkaly milli ykdysadyýetiň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Türkmenistanda sanly ulgamyň ösmegi bilen, ilata niýetlenen onlaýn hyzmatlaryň sany hem artýar. Internet ulanyjylarynyň köpelmegi bilen, täze we täsirli web sahypalar, programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär. Bu hyzmatlar arkaly bildiriş goşmak, harytlary satmak we satyn almak, habarlary okamak hem-de tölegleri ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredilýär.

 

Türkmenistan ýurdumyzyň innowasion ulgamy ösdürmäge gönükdirilen syýasaty, ýurduň ykdysady ösüşine hem-de raýatlaryň gündelik durmuşynyň ýeňilleşmegine uly goşant goşýar.

 

Baýramgözel BAKYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.