logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Konstitusiýa Döwletiň synmaz binýady
  16.05.2021
705
Konstitusiýa Döwletiň synmaz binýady

      Baş Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwrüň esasy baýlyklarynyň birine öwrülip, parahatçylyk, adalatlylyk, agzybirlik we döwletlilik ýaly, her bir raýat üçin mukaddes düşünjeleri alamatlandyrýar. Halkymyz üçin bu taryhy resminamanyň ähmiýeti şundan ybarat: ol umumy erki beýan edip, diňe bir döwlet özygtyýarlylygyny berkitmek bilen çäklenmän, türkmen jemgyýetiniň döwrebaplaşdyrylan, demokratik görnüşdäki ösüşiniň ugruny kesgitläp, muňa badalga berdi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny mizemez kadalary saklap galmak bilen birlikde, döredijilikli ösdürilýän resminama bolup durýar, ýurtda bolup geçýän özgertmeler, durmuşyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösüşi göz öňünde tutulyp, onuň üsti ýetirilip durulýar we kämilleşdirilýär.

          Konstitusiýamyz mähriban türkmen halkymyzyň başyna täç edip getiren watansöýüjilik, agzybirlik, dost-doganlyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly milli häsiýetlerine doly laýyk gelýändir. Ol biziň röwşen ýolumyza nur çaýýar. Konstitusiýamyzyň milletimiziň synmaz jebisliginiň we agzybirliginiň ajaýyp nyşanyna öwrülenligi aýdyň hakykatdyr.

      2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Ruhuýet köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan milli hukuk ulgamynyň daýandy, kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetligi ýörelgeleriniň mizemezliginiň kepili bolup çykyş edýän Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Ýurdumyzda adam hakyndaky alada Hormatly Prezidentimiziň durmuş ykdysady syýasatynyň düýp özeni bolup durýar. Milli Lidermiz ýurdumyzyň sebitlerinde dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlar bilen duşuşyp, olaryň hal ýagdaýy, gün güzerany bilen içgin gyzyklanýar. Munuň özi Döwlet tarapyndan ýöredilýän syýasatda halkyň abadan durmuşda bolçulykda ýaşamagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Konstitusiýon kadalarda Garaşsyzlygyň netijeleri, Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň içeri we daşary syýasatyndaky oruny Türkmenistanyň çäk we Döwlet özygtyýarlylygy, Döwlet nyşanlary, Döwlet gurluşy, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döwrebaplylygy çuň many-mazmuna ýugurylyp beýan edilýär. Konstitusiýamyz halkymyzyň köpçülikleýin aň düşünjeli, döredijilikli işini şöhlelendirýär. Raýatlaryň agzybirligini, jebisligini, döredijiligini, döretmek ukyplaryny, başarnyklaryny ösüşlere ugrukdyrýar. Şonuň bilen birlikde, konstitusiýa halkymyzyň aýdyň maksatlaryny, ol maksatlara ýetmegiň ýollaryny we serişdelerini kesgitleýän ynsanperwer ýörelgelerini hukuk taýdan kepillendirýän Esasy Kanundyr.