logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi
  25.03.2026
251
Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýty habar berýär.

 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýy we onuň ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

 

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we saparlaryň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbandjiniň 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagynyň, şeýle hem uganda wekiliýetiniň Türkmenistanda geçirilen beýleki halkara çärelerde işjeň gatnaşmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

 

Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň ilkinji tapgyryny 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek boýunça özara gyzyklanma bildirendiklerini aýtdylar.

 

Halkara guramalarynyň, aýratyn-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada gürrüň edilende, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de hususan-da oba hojalygy, nebitgaz pudagy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

 

Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşygyň jeminde taraplar ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.