logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  04.04.2026
1739
Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladze arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory I.Natroşwili hem-de institutyň direktory M.Getiýa gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Duşuşykda taraplar derman senagaty, lukmançylyk barlaglary we saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Şeýle hem dermanlyk ösümlikleri öwrenmek we fitoterapiýany ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eseriniň ähmiýeti bellenildi.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ylmy-amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirip, Ilçi institutyň işi we döwrebap enjamlary bilen tanyşdy.

 

Bahor ŞERALIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.