logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy
  04.04.2026
328
Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 1–3-nji apreli aralygynda Kazan şäherinde «Energoprom-2026» halkara elektroenergetika forumy geçirilýär. Kazan EKSPO merkezinde guralýan çärä Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Forumda dürli ýurtlardan döwlet wekilleri, energetika ministrleri, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary we enjam öndürijiler gatnaşyp, 100-den gowrak kompaniýa tarapyndan häzirki zaman tehnologik çözgütler görkezilýär.

 

Çäräniň dowamynda bilelikdäki taslamalary ösdürmek, tejribe alyşmak we energetika ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

 

Forumyň çäklerinde GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem geçirilip, energiýa ulgamlaryny utgaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we infrastruktura ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistan häzirki wagtda elektroenergetika pudagyny ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda işjeň syýasat alyp barýar.

 

Bahor ŞERALIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.