logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy
  04.04.2026
543
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Mejlisiň dowamynda agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

 

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

 

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň iýun aýynda Moskwada geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Nurjemal HANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.