logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
  28.03.2026
574
Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Buharest şäherindäki Agronomik ylymlar we weterinar medisina uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Çärä Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň wekilleri, uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Türkmenistandan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen talyplar gatnaşdylar.

 

Çykyşlarda Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünlikleri aýratyn bellenildi. Şeýle-de gatnaşyjylar ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ünsi jemlediler.

 

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Gatnaşyjylar bu eseriň parahatçylyk medeniýetini we özara hormaty ösdürmekdäki ornuny ýokary bahalandyrdylar.

 

Mundan başga-da, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berlip, ahal-teke bedewleriniň Türkmenistanyň medeni mirasyna goşan ähmiýetli goşandy nygtaldy.

 

Sapa JUMANAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.