logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Agriculture /Lebap welaýatynyň ekerançylary ýeralmanyň we soganyň ekişine girişdiler
  23.02.2023
914
Lebap welaýatynyň ekerançylary ýeralmanyň we soganyň ekişine girişdiler

Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine uly üns berilýär. Ýurtbaştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda ilaty ýylyň dowamynda azyklyk we beýleki ter önümler bilen üpjün etmek meselesiniň oňyn çözülýändigini bazarlarymyzyň we dükanlarymyzyň mysalynda hem görmek bolýar. Azyklyk önümleriň dürli görnüşleri gyşyn-ýazyn ilata hödürlenilýär.

Her ýyl azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. Bu ugurda soňky ýyllarda daýhanlarymyzyň we hususyýetçileriň iş tejribeleriniň has baýlaşandygyny guwanç bilen belläsiň gelýär. Ynha, ýakynda bolsa Lebap welaýatynyň ekerançylary ýeralmanyň we soganyň ekişine girişdiler. Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça 11670 gektar meýdanda ýeralma, pomidor, hyýar, sogan, kelem, käşir, şol sanda 2100 gektar ýerde bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmany ekmek üçin 1400 gektar meýdan taýýarlanyldy. Halaç, Kerki, Hojambaz etraplarynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine eýýäm girişildi. Ýeralmanyň her gektaryndan 140 sentner hasyl almak meýilleşdirilýär.

Esasy azyklyk ekinleriň birisi bolan sogan üçin welaýatda 1800 gektar meýdan bölünip berildi. Şonuň 900 gektarynda ýazlyk soganyň ekişine badalga berildi. Halaç, Hojambaz we Köýtendag etraplarynda soganyň ilkinji gektarlarda ekişi geçirildi. Daýhanlar sogan ekilen meýdanlaryň her gektaryndan 250 sentnerden hasyl ýygnamagy özlerine maksat edinýärler. Güýzde hem soganyň şunça möçberdäki hasyly ýygnalar. Häzirki günlerde ýeralmanyň we soganyň ekişi welaýatymyzyň hojalyklarynda gyzgalaňly dowam edýär. 

 

Şamsuddin BATYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.