logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Liliýa güli – tebigatyň ajaýyplygy
  13.04.2023
1547
Liliýa güli – tebigatyň ajaýyplygy

Flora dünýäsiniň bir wekili-de liliýa gülleridir. Liliýalar daşky gözelligi, reňk öwüşgini bilen tapawutlanýan we köpler tarapyndan eý görülýän gülleriň biridir. Ajaýyp ak liliýa päkligiň we arassalygyň nyşanydyr. Gadymy grekler bu güle uly ähmiýet beripdirler, ýagny olarda bu gülüň köp ýetişdirilýän ýeri hem bolup, oňa «Liliýa şäheri» diýipdirler. Bu gül gadymy ýewreýleriň arasynda arassalygyň alamaty hasaplanylýar.

Rowaýatlara görä, liliýa Erem bagynda ösüpdir, hiç bir erbetlik oňa degmäge het edip bilmändir. Hatda gadymy ybadathanalaryň binagärlik bezeginde liliýanyň ajaýyp şekili peýdalanylypdyr. Geçmişde köp ulanylan şemdanlyklar hem liliýanyň şekilinde ýasalypdyr. Liliýa gülüne gadymy müsürliler hem durmuşynda uly orun beripdirler. Gadymy iýerogliflerdäki bu gülüň keşbi ömrüň dowamlylygyny ýa-da erkinligi, umydy aňladypdyr. Gadymy döwürde meşhur bolan «suzinon» hoşboý ysy hem bu gülden taýýarlanypdyr. Gadymy rimde hem geçirilýän dürli ýaryşlarda ýeňijilere liliýa güli gowşurylypdyr. Bu gül rimlileriň umyt nyşany hasaplanypdyr, gülüň şekili rim teňňelerinde goýlupdyr. Bolçulygyň we arassa durmuşyň, gözelligiň alamaty hökmünde gelin-gyzlar liliýa gülüni saçlaryna dakypdyrlar. Liliýa güli gadymy nemes mifologiýasynda hem duş gelipdir. Onuň hoşboý ysly şekili nemes mifologiýasynda «Oberonyň jadyly taýagy» we «Elfleriň mesgeni» hasaplanypdyr.

Fransuz monarhiýasynyň düýbüni tutujy Klowis liliýa ybadathanasyny döredip, mundan beýläk liliýany özboluşly «ýarag» edip, nesillerine miras galdyrjakdygyny aýdypdyr. XII asyrda liliýa patyşalygyň nyşany hökmünde saýlandy we ilkinji gezek altyn liliýaly ak baýdak peýda boldy. Şeýle-de korol Luis XIV asyrda altyn we kümüş teňňelerine liliýanyň şekilini girizmegi karar edipdir. Liliýa güli umuman, Fransiýada uly söýgüden we hormatdan «peýdalandy». Iň owadan liliýalar monah baglarynda ösdürilip ýetişdirilipdir we ajaýyp gözelligi hem-de monahlaryň durmuşy bilen baglanyşykly köp hekaýalar döräpdir. Käbir kawkaz liliýalary ýagşyň täsirinde sary ýa-da gyzyl reňke üýtgemegi mümkin. Iň seýrek we gymmatly liliýa Hytaýyň günorta-günbatar daglarynyň arasyndaky dar jülgelerde has köp mesgen tutan şa liliýasydyr. Bu liliýanyň tohumlary ilkinji gezek 20-nji asyryň başynda Angliýa getirilip, ol ýerden hem dünýäniň dürli künjeklerinde, owadan baglarynda we seýilgählerinde öz mynasyp ornuny aldy. 

 

Selime ROZYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.