logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Maglumat giňişliginde sanly ösüş
  26.04.2023
1017
Maglumat giňişliginde sanly ösüş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzda ösüşiň oňyn netijeleri peder ýoluny dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde hasyl bolýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda dünýäniň ösen tejribesine hem milli ýörelgelerimize esaslanýan usullardyr täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde bolsa sanly dolandyryş, sanly ykdysadyýet, elektron resminama dolanyşygy ýaly täze ugurlary kemala gelýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň bu günki günde üstünlikli amala aşyrylmagy sanly ulgamyň ösmegini şertlendirýär. Uzak geljegi nazarlaýan köpugurly özgertmeleri durmuşa geçirmekde sanlylaşdyrmak işi uly roly oýnaýar. Bu möhüm Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ösüşi ýokary sepgitlere çykarmaga mümkinçilik döredýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda sanly bilimi, maglumat-aragatnaşygy, sanly hyzmatlary ösdürmek barada edilýän tagallalar täze mümkinçilikleri açýar. Internet arkaly ýola goýulýan işlerde, sanly gurşawda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynda möhüm ädimler ädilýär. Bu babatda onlaýn görnüşdäki halkara maslahatlar, teleköpri arkaly geçirilýän okuwlar netijeli häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetçilik web-saýtlarynyň, elektron gazetleriň, maglumat beriji web-sahypalaryň, sanly bilim portallarynyň döredilmegi işjeň ýagdaýda ösdürilýär. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilmegi ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň esaslandyrylmagyna, internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzümleri hem-de şertleri döredýär. 

 

Amangül BEGLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.