logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Nanosellýuloza kagyzlarynyň kömegi bilen elektronika enjamlary agaçlarda ýetişer
  28.04.2022
1226
Nanosellýuloza kagyzlarynyň kömegi bilen elektronika enjamlary agaçlarda ýetişer

Miwe ýaly agaçdan elektroniki komponenti saýlap alyp biljekdigiňizi göz öňüne getirip gördüňizmi?  Osaka uniwersitetiniň gözlegçileriniň işi netije berse, geljekde hakykatdanam agaçlarda elektronika enjamlaryň bölekleri ýetişer.

Okaýama uniwersiteti, Tokio we Kýuşu uniwersitetleri bilen bilelikde 3D gurluşly nano-mikro makro şkalasynda dizaýn edilen ýarymgeçiriji nanosellýuloza kagyzy taýýarladylar.

Sellýuloza agaçdan tebigy we ýeňil usulda alynýan materialdyr. Sellýuloza nanofiberleri (nanoselluloza) çeýe nanosellýuloza kagyzlarynyň (nanopaper) standart A4 ölçeglerine meňzeş ölçeglerde öndürilip bilinýär. Aslynda, nanopaperler elektrik toguny geçirmeýärler.

Okaýama uniwersiteti, Tokio we Kýuşu uniwersitetleri bilen bilelikde oýlap tapan 3D gurluşly nano-mikro makro şkalasynda dizaýn edilen ýarymgeçiriji nanosellýuloza kagyzy glýukoza bio-ýangyç öýjüginde elektrod hökmünde ulanyldy we öndürilen energiýa kiçijik bir lampany ýakdy. Alymlar, bu usul bilen geljekde tutuşlygyna ösümlik materiallaryndan ýasalan elektron enjamlardan ýasalan enjamlary ulanmagyň mümkin boljakdygyny aýdýarlar.

Jennet AHMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.