Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalygynda sanly ulgam
  03.03.2025
311
Oba hojalygynda sanly ulgam

Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmegiň möhümdigini nygtap, bu ugurda sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belleýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alnyp, sanly telematik ulgama laýyklykda işledilýän enjamlar ornaşdyrylýar. Ýakynda meşhur «John​ Deere» kompaniýasynyň iň täze oba hojalyk tehnikalary we tirkeg gurallary ýurdumyza gelip gowuşdy.

 

Täze sanly tehnologiýalar ekiş döwründe «akylly» traktorlaryň GPS​ ulgamy arkaly gije-gündiz işlemäge mümkinçilik berýär. Ekişden soňra suwarmak döwründe topragyň aşagynda ýerleşdirilen «akylly» sensorlar suwuň zerurlygyny kesgitläp, suwarmagy awtomatik ýagdaýda ýerine ýetirýär. Şeýle hem ekinleri zyýanly mör​-möjeklerden goramak üçin topraga ornaşdyrylan sanly ulgam peýdalanylýar. Hasyl ýygnamak döwründe hem sanly tehnologiýalar işleri awtomatlaşdyrylýar​.

 

Mundan başga-da, «akylly» kameraly dronlaryň kömegi bilen ekinleriň we mal sürüleriniň üstünden gözegçilik edilip, ýörite sensorlar arkaly ekinleriň we mallaryň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar alyşylýar​. Bu sensorlary öýjükli telefonlara birikdirip, maglumatlary yzygiderli almak hem mümkin. Sanly tehnologiýalar suwarmak, howalandyrmak, dermanlamak​ we hasyl ýygnamak ýaly işleri awtomatiki tertipde ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

 

Ekerançylykda innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Meýdanlaryň elektron kartasy, takyk meteomaglumatlar, sensorlar, duýduryjylar we kosmomonitoring​ ýaly sanly çözgütler oba hojalyk önümleriniň ýitgilerini ep-esli derejede azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem önüm öndürijilere zerur maglumatlaryň wagtynda berilmegi alyş-satyş bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmaga, önümleri sarp edijilere ýetirmegi ýönekeýleşdirmäge hem-de hünärmen işçi güýjüne bolan islegi üpjün etmäge kömek edýär.

 

Maldarçylykda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mallaryň sanyna gözegçilik etmek, sürüleri dolandyrmak, ýyladyş ulgamy bolan ýataklary awtomatlaşdyrmak, şeýle hem çykdajylary hasaba almak we seljermek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamak üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Maýa goýumlar oba hojalyk pudagynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary we mineral dökün zawodlaryny gurmaga gönükdirilýär. Ýerleriň suwlulygyny ýokarlandyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we oba hojalyk önümlerini öndürijiler zerur bolan tehnika, dökün we tohum bilen üpjün edilýär. Mundan başga-da, döwrebap oba hojalyk tehnikalary satyn alnyp, könelen enjamlar täzeden dikeldilip, daýhanlara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär.

 

Innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini gazanmakda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Tawus Esenmämmedowa,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.