logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Technology /Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri ornaşdyrylýar
  17.05.2023
735
Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri ornaşdyrylýar

Berkarar watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ykdysady pudaklary sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär we kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ösüşdir özgerişleriň giň gerime eýe bolýan döwründe ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze hem kämil görnüşleri döredilýär. Ilata hödürlenilýän sanly hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylyp, onuň elýeterliligi üpjün edilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde sanlylaşdyrmak işi işewürlik mümkinçiliklerini artdyrýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank» ýaly elektron hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi wagty we pul serişdelerini tygşytlamaga, ençeme ýeňillikleri döretmäge ýardam berýär. Mundan başga-da bu hyzmatlar arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň ýokary netijeliligi, zähmet öndürijiligi gazanylýar. Şeýle hem internet ulgamynyň üsti bilen harytlar we hyzmatlar üçin tölegler internet ulgamynyň üsti bilen alnyp barylýar. Dürli pudaklara täzeçil usullaryň, sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde demirýol, şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekler internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde ýola goýlup, hyzmatyň «elektron söwda» görnüşi giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde bolsa nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany-da günsaýyn artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amallaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýetde giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny we şolaryň netijesinde bolsa ösüşiň gazanylmagyny üpjün edýär. Şeýle hem döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna täze mümkinçilikleri açylýar. Häzirki wagtda ýokary derejede ösdürilýän «akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýar. Şeýlelikde, şäher düzümleriniň dolandyryşyny, raýatlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän bir bitewi ulgam kemala gelýär. Bu konsepsiýa ugurlarynyň hatarynda «akylly» binalar, ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalary, bir bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara tölegleri geçirmäge we zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly şäher gollanmalary bar. Munuň özi ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertleri üpjün edýän häzirki zaman şäheri emele getirýär. 

 

Guwanç HAIDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.