logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Taryhdaky ilkinji web brauzeri
  09.05.2023
2067
Taryhdaky ilkinji web brauzeri

Taryhdaky ilkinji web brauzeri Bütindünýä Kerebi (World Wide Web) hasaplanylýar. «www» - Tim Berners tarapyndan sanly giňişlik hökmünde döredildi.
Tim Berners-Lee – häzirki wagtda «World Wide Web» diýlip atlandyrylýan, ilkinji web brauzeri «WYSIWYG HTML» redaktoryny oýlap tapdy. Soň tehnologiýalaryň arasyndaky bulaşyklygyň öňüni almak onuň adyny «Nexus» diýip üýtgetdi.
Brauzer Tim Berners-Lee-niň «NeXT» kompýuteri arkaly «CERN»-de döredildi. Brauzer bilen baglanyşykly amallar 1990-njy ýylyň 25-nji dekabrynda üstünlikli tamamlandy. 1993-nji ýylyň aprelinde brauzeriň deslapky kody köpçülige ýetirildi we brauzer 1994-nji ýylyň ýanwar aýynda ýapyldy.
Ilkinji web brauzerine «World Wide Web» dakylmazdan ozal, Berners-Lee öz oýlap tapan brauzerini «maglumat magdany» ýa-da «maglumat tory» diýip atlandyrmagy göz öňünde tutýardy.
Brauzer dürli sahypalary görmek üçin goldawy, FTP we HTTP ýaly birnäçe protokoly öz içine alýardy, soňraky gurluşlarda hatda içerki suratlary hem görkezmegi başardy.  

 

Resul SAHATOW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.