Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /«Türkmentel-2024» Halkara sergisi we «Sanly çözgüt – 2024» Innowasion taslamalar bäsleşigi tamamlandy
  24.11.2024
218
«Türkmentel-2024» Halkara sergisi we «Sanly çözgüt – 2024» Innowasion taslamalar bäsleşigi tamamlandy

Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty üstünlikli tamamlandy. Forum Türkmenistanyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky tejribe alyşmak, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm platforma boldy.

 


Forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi we olara gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy. Bäsleşik ýaşlaryň innowasion pikirlerini goldamak, sanly bilimi ösdürmek, ykdysadyýete we beýleki pudaklara täze sanly çözgütleri çekmek maksady bilen geçirilip, onda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri öz taslamalary bilen çykyş etdiler.


Bäsleşigiň dowamynda saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we logistika, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ýaly ugurlar boýunça sanly we innowasion çözgütler hödürlenildi. Häzirki wagtda ýeňiji bolan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.


Bäsleşikde ýeňiji bolan taslamalar

Saglygy goraýyş ugryBaýnazar Muhammedow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we Informatika Instituty) PECS cards adaty däl adamlaryň aragatnaşyk mümkinçiliklerini gowulandyrýan programma bilen birinji orny eýeledi.

Emeli aň ugryŞatlyk Şöhradow (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) ýedi dürli keseli anyklamak we bejermek üçin emeli aň kömegi bilen işläp düzülen programmany hödürläp, ýeňiji boldy.

Robototehnika we awtomatizasiýa ugryÝazmuhammet Agamyradow (Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) gurluşykda we keramika önümçiliginde ulanyljak täze görnüşli 3D printer taslamasy bilen tapawutlandy.

Akylly oba hojalyk tehnologiýalaryAlýoş Amanow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) plastiki zyňyndylary ýygnamak we sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin döredilen "Akylly gämi" taslamasy bilen birinji orna mynasyp boldy.

Smart City ugryEmir Şammaýew (140-njy orta mekdep) ýörän wagtynda basyşdan elektrik toguny öndürýän enjamy bilen birinjiligi eýeledi.

Bilim we elektron okuw ugryArslan Bäşimow (Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Instituty) tebigy taryhy we medeni ýadygärlikleri fotogrometriýa arkaly öwrenmek taslamasy bilen ýeňiji boldy.

Hyzmatlar ulgamyArtur Bahtyýarow (Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebi) «Tick» atly sosial ulgam we messenjer taslamasy bilen bäsleşikde birinji orny eýeledi.

 

Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmaga we innowasiýa mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.


Döwlet Baştutanymyz sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belleýär we bu maksat bilen degişli Konsepsiýa kabul edilip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilimiň ulgamlaýyn üpjünçiligi ornaşdyrylýar. «Türkmentel-2024» halkara sergisiniň we «Sanly çözgüt – 2024» innowasion bäsleşiginiň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň sanly ösüş ýoly bilen ilerleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.