logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Üzärlik
  05.04.2020
2634
Üzärlik

    Diýarymyzyň günorta-günbatar Köpetdagda: Bäherdende, Magtymgulyda, Garawulda, Bendesende, Gökderede, Germabda, Arçabilde; Gündogar Köpetdagda: Çäçede, Kelatda, Bathyzda; Köýtendagda we Garagum çölünde köpçülikleýin duş gelýän ösümlikleriň biride üzärlikdir.

         Üzärlik haşal derman ösümligiň dünýäde 6 sany, Türkmenistanda 1 sany görnüşi duş gelýär. Ösümlik başgaça ýüzärlik, iswent, adraspan, zäldirk we tüteltgi diýip atlandyrylýar. Üzärlik-üzärlikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30-50 sm-e ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Onuň toprakda ösen ok pisint köki ýerleşýär. Ol aprel aýyndan tä güýzüň ahyryna çenli ösýär. Ösümlik maý aýynda gülleýär, iýun aýynda miweleýär, güýz aýynyň ahyrynda tohumy ýetişýär. Bu ösümlik gurakçylyga örän çydamly, güýçli kökleri dikligine topragyň 4-5 metr çuňlugyna aralaşyp bilýär. Ol toýunly, çägesöw, ýarym çöllük düzlüklerde, dag eteklerinde, kähalatlarda deňiz derejesinden 2800 metr belentliklere ýetýän daglarda bitýär. Ösümligiň 1000 tohumynyň agramy 2-4 gram. Bir düýp ösümlikde 282-437-ä çenli gozajyklar emele gelýär, olarda 15960-37520-ä deň tohumlar bolup, agramy 472-715 grama barabardyr.

         Üzärlik ýurdumyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulmaýar. Dermanlyk maksatlar üçin gory ýeterlik.ülkämiz boýunça üzärlikli otluklar takmynan 150-350 ga deňdir. Üzärligiň gür otluk 1 ga ýerinde 1400-42000 çenli ösümlik duşýar. Lukmançylyk maksatlary üçin üzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň otuny ir baharda (aprelde) gunçalaýan wagty ýygnamaly. Çig maly adaty usulda guratmaly hem taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltada saklamaly. Möhleti 1-2 ýyl.

         Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Berkarar döwletimizde lukmançylygyň nyşanynda üzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň sebäbi türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda üzärlik ýüzlerçe keseli bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Irki wagtlarda onuň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Üzärligi halkymyz iki maksat üçin dermanlyk we boýag ösümligi hökmünde peýdalanýar. Ol çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damaryň çekmesinde we merezýelde derman hökmünde ulanylýar.