logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Ýangy gala kanýony barada
  18.02.2023
926
Ýangy gala kanýony barada

Ýangy gala kanýony ýurdumyzyň owadan ýerleriniň biridir. Ol «Otly gala» diýen many berýär. Bu owadan ýer Balkanabatdan 165 km demirgazykda we Türkmenbaşy şäherinden 160 kilometr günortada — Goşa oba geňeşliginiň çäginde üç reňkli — ak, gök, gyzyl reňkli baýyrlyklar ýerleşýär. Ýagyş suwy olaryň ýüzüni erez-erez, jylga-jylga edipdir. Ýerli gepleşikde şeýle baýyrlara gyýa diýilýär (ähtimal, «gyýmak» işligindendir).

Ol ýerli ilatyň hem-de syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Kert gaýadaky darajyk köwe çykyp, aklyňy haýran edýän görnüşe bakyp gözüň doýmaýar. Daglaryň reňki ýaz paslyndaky ýaşyl begresli sähra-seleňleri ýadyňa salýar. Asyl-ha, şol çäklere aralaşanyňda, Gamyşlyja belentliginiň täsin görnüşleri seriňi jadylaýana çalymdaş. Şol halat özüňi ertekiler dünýäsinde ýaly duýýarsyň.

Ýangy gala ençeme asyr mundan ozal tebigatyň gyzyl, ak, sary we narynç öwüşginlerden ýasan äpet we mäkäm galasyny ýada salýar. Onuň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň ýerli ilat oňa Gyzyldag diýýär. Gadym döwürlerde kanýona Garabogaz kölüniň suwy gelipdir, şonuň üçin hem işi şowlan syýahatçylara bu ýerde balykgulaklar we birgeňsi şekilli reňkli daşlar gabat gelýär. Ýangy galany görmek miýesser edenler bu ýerde ençeme gezek ýaňlanýan owadan ýaňy uzak wagt ýatlap gezýärler. 

 

Kemal KERIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.