Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysadyýetiň köpugurlylygy
  26.03.2020
613
Ykdysadyýetiň köpugurlylygy

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly Watanymyzy özgerdiji, umumadamzat ösüşlerine täsir ediji belent şygarlara beslenýär. Ynha, 2020-nji ýylyň hem “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda uly many, mazmun bar, çünki bu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine 25 ýyl dolýar. Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, ykdysady taýdan durnukly oba hojalygy bolan ýurtlar ýokary depginli we sazlaşykly ösýär. Öndüriji güýçleriň agramly bölegini özünde jemleýän oba hojalyk toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň iri we wajyp pudagydyr. Oba hojalygy ilatymyzyň azyk harytlary, ýurduň senagatyny oba hojalyk önümleri, çig mal bilen üpjün edýär.

         “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen döwrebap ýyladyşhanalarda öndürilýän gök önümler, maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynda öndürilýän ýumurtga, et, süýt we olary gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän azyk harytlary dükanlarymyzy, bazarlarymyzy, saçaklarymyzy bezäp gözümizi dokundurýar. Daşary ýurtlarda öndürilýän azyk önümlerine “gaýra dur” diýdirýän gaplara gaplanan iýmit önümleri, şerbetler oba hojalykçylar bilen türkmen telekeçileriniň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigini, berkarar döwletimizde adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny aňyrýany bilen subut edýär. Häzirki wagtda bag nahallary oturdulup, öňden bar bolanlaryny timarlamak, ýeralma ekinine ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Açyk meýdana gök-bakja ekinleri ekilýär. Baglardan alynan miwe hasylyny, üzümi, gawun-garpyzy, kädidir kelemi terligine saklap, bazarlary üpjün edip, azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýan hojalyklaryň sanynyň ýyl-ýyldan köpelýändigini adamlaryň joşgunly zähmet çekmäge höwes bilen ýapyşýandygynyň aýdyň mysalydyr.

         Ýurdumyzda maglumat-sanly tehnologiýanyň, maglumat-logistikanyň ösdürilmegi esasynda, döwlet-hususy ykdysady hyzmatdaşlygyň netijesinde oba hojalyk we agrosenagat toplumy halkymyzy mundan beýläkde  azyk önümleri bilen bolelin üpjün edip, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürer.