logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Ylym dünýäsiniň ýiti zehinleri
  22.05.2022
1071
Ylym dünýäsiniň ýiti zehinleri

“Zehin zehinden zyýada” diýlişi ýaly, dünýä ýüzünde üýtgeşik ukyby, ýiti zehini bolan çagalar bar. Heniz ýaşdygyna garamazdan täsin açyşlary, ylmy işleri ýerine ýetirmegi başarýan şeýle çagalaryň aýratyn ukyplary diýseň haýran galdyryjydyr . Ylym dünýäsi adaty bolmadyk ukyby, zehini bolan şeýle çagalaryň tebigatyny, onuň syrlaryny açmaga çalyşýarlar.

Geliň, şeýle “zehinleriň” käbirleri hakynda durup geçeliň:

Mikaela Fudolig

Zehinli gyz 16 ýaşynda Filippin uniwersitetini tamamlaýar, fizika ylymlarynyň bakalawr derejesini gazanýar. Häzirki wagtda ol şol uniwersitetde professorlyk derejesinde ekono-fizika üns berýär.

Akrit Ýaswal

Hindistanly Akrit Ýaswal özüniň heniz kiçidigine garamazdan örän ýiti zehinli bolup, ilkinji hirurgiki operasiýasyny 8 ýaşynda edýär. Eýýäm 12 ýaşynda ol Hindistanda lukmançylyk uniwersitetini tamamlaýar, 17 ýaşynda himiýa ylmy boýunça magistrlik derejesiniň eýesi bolýar.

Teýlor Uilson

Zehinli çaga 10 ýaşynda ýadro ýaragynyň iň ýaş konstruktory bolup, 4 ýyl geçenden soň ýadro birleşmeleriniň reaksiýasy üçin çig maly toplady. Häzirki wagtda ol ýerasty ýadro reaktorlary baradaky täzeçe pikirleri bilen dünýä derejesindäki konferensiýalarda yzygiderli çykyş edýär.

Kameron Tompson

Ýaş zehinli matematik 11 ýaşynda Angliýada Beýik Britaniýanyň yglan eden açyk olimpiadasynda ýokary netije görkezip, ökde matematik derejesine eýe bolýar.

Jeýkob Barnet

Üç ýaşynda ol lukmanlaryň autizm boýunça diagnozyny inkär etdi. 10 ýaşynda Indiana uniwersitetine okuwa girip, häzirki wagtda ol ýerde kwant fizikasy boýunça dissertasiýanyň üstünde işleýär.

Oguljan ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.