Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşygy geçirildi ✦ ✦ Zergärçilik däbiniň täze rowaçlyklary ✦ ✦ "Türkmennebit" we "PETRONAS" Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar ✦ ✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen türgenlerimiziň nobatdaky üstünligi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Zergärçilik däbiniň täze rowaçlyklary
  28.04.2025
70
Zergärçilik däbiniň täze rowaçlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş Ýer ýüzüne ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle däpleriň biri-de türkmen ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, atçylyk sportyny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak baradaky işlerdir. Watana wepalylyk, mertlik, batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ynsany rowaçlyga, halal baýlyga ýetirýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda şeýle ynanja uýan halkymyz bu sypatlary türkmen öýüniň esasy alamatlary, baýlyk-genji hasaplanýan gamyşgulak bedewlerinde terbiýeläpdirler. Şoňa görä, gapysynda kişňäp duran bedewi, garysyny ýassanyp ýatyşyna gelen-gideniň päl-niýetini duýup bilýän akylly alabaý iti bolan öýi döwletmen hojalyk hasaplapdyrlar. Bu pikirimizi hormatly Prezidentimiziň: “Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr” diýen jümlesi has-da aýdyňlaşdyrýar.

 

Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar sapa-da” atly kitabynda halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewlerimiziň orny has ýokary bolupdyr. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Milli bedew baýramçylygy dabara bilen bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçirilýän çärede hem bedew atlarymyzyň tarypy şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda ussatlyk bilen wasp edilýär. Bu günki günde hem ussatlyk görkezen, Şazada Orazberdiýewiň täze döredijilik üstünliklerine getiren eserleriniň biri şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda döredilen “Altyn bezeg” atly at şaý-sep toplumydyr. Ol bu işi bilen türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň we zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, Gahryman Arkadagyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldy.

 

Bu at şaý-sepleriniň ulanylyş däpleriň taryhy köklerini kesgitlemek kyn däl. Türkmen ýigidiniň wepaly dosty bolan bedewi haý-haýly tutlyşyklar wagtynda ýaýyň oklaryndan we naýzalardan goramaly bolupdyr. Şonuň üçin adamlar özleriniň wepaly syrdaşlaryny başardyklaryça gorapdyrlar. Bedewi gözden-dilden goramak üçin onuň maňlaýlygy hökmany suratda iri hakyk daşy bilen bezelipdir. Atyň gursagyna gorag üçin göwüsbent goýlup, onuň häzirki günlerde hem doga-tumar häsiýeti bar.

 

Ş. Orazberdiýew sünnäläp ýerine ýetiren döredijilik eserinde birnäçe bölekden ybarat bolan, bedew aty üçin niýetlenilen bezeg şaý-sepleri bar. Bu bezeg şaý-sepleri Ahal teke bedewiniň döşüni bezäp duran göwüsbentden, eglip duran uzyn boýny üçin niýetlenilen üç sany alagaýyşdan, uýandan ybarat. Bu toplum sap altyndan ýasalyp, hakyk, pöwrize we birnäçe ownuk ak gaşlar bilen şöhlelendirilen. Suratkeş zergär at esbabyny diýseň oýlanyşykly milli däplerden ugur alyp, täze döwrebap görnüşe getirmegi başarypdyr. Ussat zergär “nerrek”, “islimi”, “ýylanyzy”, “goçak” ýaly nagyşlary ýatladýan “ösümlik” nagyşlarynyň üsti bilen stilleşdirýär. Ýagny tebigat gözellikleri öz beýanyny tapýar. Onuň ýerine ýetiren eserinde XIX – XX asyrlaryň başynda türkmen zergärçilik sungatynyň ösüşiniň esasy ugruny, hakyky durmuşyň mazmunyny şertli şahyranadan umumylaşdyrylan görnüşinde şöhlelendirilipdir. Haşam gurluşyň çeperçilik labyzlylygy eseriň keşp gurluşynda ýüze çykýar. Göwüsbendiň merkezi bölegi güberçekleme usulynda Günüň şekilini gaýtalaýan görnüşde ýasalypdyr. Bu taslamany öz içine jemleýän lowurdap duran hakyk daşy, göwüsbendiň “gyra goçak” nagşynyň mysalynda ösümlik nagyşlary ulanýar. Alagaýyşlar hem has iri salnan gaşlar bilen gezekleşip, ownuk damja şekilli şelpeler çeperçilik yzygiderliligi saklaýar. Bu şelpeler asylyp, olar at ýörände ajaýyp owaz döredýär. 

 

Adatça, topluma alagaýyşyň iki, üç sany görnüşi girýär: däp bolşy ýaly, birinji insiz kemer atyň boýnunyň uzynlygyny görkezýär, atyň boýnunyň aşaky bölegine dakylýan galan iki sany kemeriň ini has giň bolýar. Göwüsbendiň kemeriniň ýüzüne balyk teňňesini ýa-da esgeriň sowudyny ýada salýan ownuk altyn teňňejikler bilen nagyşlanyp, iri hakyk daşlary salnypdyr.  Uýan – atyň kellesine geýdirilýän uzyn gaýyş halka. Uýanyň ýüzi bezeg şaýlar bilen bezelen. Agyzdyryk bolsa uýanyň bir bölegi, atyň agzyna salynýan goşa halkaly demir. Agyzdyryk atlar çapyşyga goýberilende ýa-da uzak ýola ugralanda, şeýle hem atyň baş bermezliginiň öňüni almak üçin geýdirilýär. Jylaw – agyzdyrygyň iki gapdalyndan çekilýär. 

 

Bu bäsleşigiň esasy maksady bu düşbi we owadan bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna uly sarpa goýýan halypa mugallymlar we ýaş suratkeş talyplar türkmen Ahalteke atlarynyň waspyny ýetirip, halkymyzy buýsandyryp, bu “behişdi bedewlerimizi” dünýä jar etmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem geljekki ýaş nesillerimize görelde mekdebi bolup durýarlar.  


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň zergärçilik sungaty uly özgerişleri, ösüşleri başdan geçirýär. Bu sungat täzeden jan berýän zergärleriň işleri diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä halklarynyň gyzyklanmasyna, söýgüsine mynasyp bolýar. Zergärçilik sungaty bu günki günde özüni ýene bir ýola ykrar etmäge we geljekki neslimize uly mirasynyň aglaba bölegini bütewi ýagdaýda ýadygärlik goýmaga mümkinçilikler bardyr. Biziň ussat zergärlerimiz ata-babalarymyzdan galan medeni mirasymyz bolan zergärçilik sungatyny halypa şägirtlik ýolunyň dowam edýändigini görkezýär.  

Bahar Magtymowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň“Sungaty öwreniş” kafedrasanyň mugallymy